02.06.2025
3224
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan çäreler geçirilýär
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalary, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalary we konsullyk edaralary tarapyndan Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan köpçülikleýin sport çäreleri geçirilýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde yglan edilen bu halkara sene Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda giňden bellenilýär.
02.06.2025
3762
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabatda ýaş ekologlaryň bäsleşiginiň netijeleri jemlendi
Aşgabatdaky «Şamelek» toý mekanynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäre geçirildi.
02.06.2025
4058
Aşgabatda Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi
Paýtagtymyzda Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy mynasybetli «Azady – ylym we paýhas ummany» atly dabaraly maslahat geçirildi.
02.06.2025
5896
Aşgabatda hindi tanslarynyň we aýdym-sazlarynyň konserti geçirildi
«Watan» kinokonsert merkezinde guralan hindi tanslarynyň we aýdym-sazlarynyň konserti köp adamly boldy.
02.06.2025
3360
Türkmenistanda dolandyryş maslahat beriş okuw-türgenleşigi geçirildi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky müşderileriniň kompaniýalarynda guramaçylyk üýtgeşmelerini amala aşyrmaga gönükdirilen geňeşçiler üçin birnäçe okuwlaryň tapgyryny geçirdi.
02.06.2025
4081
«Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni bellenildi
1-nji iýunda Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäreler giň gerimde geçirildi. Baýramçylyk çäreleri ýurduň muzeýlerinde, konsert zallarynda, seýilgählerde we medeni merkezlerde ýaýbaňlandy.
02.06.2025
6166
Türkmenistanyň futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy (U17) Daşkentde geçirilen CAFA 2025 çempionatynda bürünç medaly eýeledi
Türkmenistanyň futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndy topary (U17) Daşkentde tamamlanan Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynda 3-nji orun ugrundaky oýunda Gyrgyzystanyň toparyny ýeňip, bürünç medala eýe boldy.
02.06.2025
2519
Ýurdumyzda hepdäniň dowamynda + 40 gradusa çenli yssy howanyň bolmagyna garaşylýar
Tomus pasly öz hökümini sürýär we tutuş ýurdumyzy +40 gradus we ondan hem ýokary yssy howa gurşap aldy.
02.06.2025
4305
Tbiliside Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp futbol ýaryşy geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji maýyndan 2-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň gurnamagynda birnäçe futbol toparlarynyň, şeýle hem Gruziýanyň sport uniwersitetiniň “Sportuni” we Wake sport merkeziniň “Kartli” futbol toparlarynyň gatnaşmaklarynda futbol ýaryşy geçirildi. 1991-nji ýylda esaslandyrylan “Kartli” futbol topary birnäçe meşhur gruzin türgenlerini ösdürip ýetişdirdi.
02.06.2025
5386
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi
2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy Kreml diwary boýunça Moskwa derýasynyň kenarynda köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirdi.