02.06.2026
2392
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda welosipedli ýörişler geçirildi
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen we her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilip geçilýän halkara baýramçylygyň öňüsyrasynda, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgelerini, ekologiýa medeniýetini hem-de halkara hyzmatdaşlygy wagyz etmek maksady bilen sport çäreleri geçirildi.
02.06.2026
1653
Ženewada Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasy öz işine başlady
Ženewada Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasy öz işine başlady.
02.06.2026
1572
Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşinde geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi Nury Gölliýewiň Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Marat Mamataliýew bilen duşuşygy geçirildi.
02.06.2026
1280
Hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat
Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen ildeşlerimiz Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gidýärler. Deňiz suwunyň temperaturasynyň +15…+17 gradus derejede saklanýandygyna garamazdan, kenarýaka möwsümi resmi taýdan başlandy diýlip hasap edilýär. Muňa yssy howa şertleri ýardam berýär.
02.06.2026
3415
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak we üpjün etmek döwletimiziň syýasatynyň iň wajyp ugry bolmak bilen, döwletde adamyň esasy hukuklarynyň – ýaşamaga bolan hukuk, zähmete, bilim almaga, saglygyny goramaga, dynç almaga, saýlamaga we saýlanmaga, her bir adamyň şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine, nikalaşmaga we maşgala gurmaga bolan hukuklary döwletiň Esasy Kanuny we beýleki kanunlary arkaly kepillendirilýär.
02.06.2026
2187
Тürkmen toparlary 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça Merkezi Aziýanyň saýlama ýaryşyna ýeňiş bilen başladylar
Türkmenistanyň oglanlar we gyzlar ýygyndylary 1–5-nji iýun aralygynda Özbegistanyň Fergana şäherinde 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça Merkezi Aziýanyň saýlama ýaryşyna Täjigistanyň toparlaryny ýeňmek bilen üstünlikli başladylar.
02.06.2026
2114
“Ak şäherim Aşgabat 2026” halkara sergisi we maslahaty üstünlikli tamamlandy we halkara hyzmatdaşlygy, şeýle hem durnukly şäher ösüşini has-da ilerletdi
Türkmenistanyň paýtagtynda 24–25 maýda geçirilen “Ak şäherim Aşgabat 2026” atly XXV Halkara sergisi we maslahaty öz işini üstünlikli tamamlap, Aşgabat şäheriniň halkara dialog, innowasiýa, maýa goýum hyzmatdaşlygy we durnukly şäher ösüşi üçin möhüm meýdança hökmünde barha güýçlenýän ornuny ýene bir ýola tassyklady.
02.06.2026
4108
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella we ýurduň ähli halkyna Italiýanyň milli baýramy — Respublika gününiň 80 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
01.06.2026
2012
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
01.06.2026
4423
Türkmenistanda dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkymyzyň göz guwanjyna, asylly maksatlarynyň myradyna deňelýän, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, dünýä derejesindäki halkara bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi.