06.05.2025
5406
Daşoguz welaýatynyň daýhanlary şaly ekişine başladylar
Bu azyk ekiniň sebitdäki esasy öndürijileri Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň daýhanlarydyr. Olar şu ýyl S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4 müň 750 gektar, «27 Oktýabr» daýhan birleşiginde bolsa 2 müň 800 gektar ýere şaly ekmegi meýilleşdirýärler.
06.05.2025
4569
Türkmenistanyň lukmançylyk edaralarynda dürli keselleri anyklamaga mümkinçilik berýän häzirki zaman enjamlary oturdyldy
Türkmenistanda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda kliniki we barlaghana hyzmatyny güýçlendirmek» taslamasynyň çäginde häzirki zaman barlag enjamlaryny oturtmak işleri tamamlandy.
06.05.2025
6108
Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» bäsleşigi dürli ýurtlardan sazandalary çagyrýar
Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly Moskwa halkara sungat festiwaly dürli ýurtly sazandalary etnik-medeni däplere esaslanýan akademiki sazy iň gowy ýerine ýetiriş boýunça bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.
06.05.2025
6699
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymy «Okatmagy öwrenýäris – 2025» atly IV Halkara bäsleşiginiň baýrak eýesi boldy
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň ýaş mugallymy Diýar Ygtyýarow GDA gatnaşyjy döwletleriň ýaş mugallymlarynyň ylmy-usulyýet işläp taýýarlamalarynyň «Okatmagy öwrenýäris – 2025» atly IV Halkara bäsleşiginiň baýrak eýesi boldy.
06.05.2025
5109
Atalaryň edermenligi we gahrymançylygy – ogullara nusga
Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gününiň 80 ýyllygy mynasybetli «Atalaryň edermenligi we gahrymançylygy – ogullara nusga» atly sergi açyldy. Sergini guraýjylar – taryh bölüminiň hünärmenleri Türkmenistanyň döwlet nyşanlary bilen sergini açdylar.
06.05.2025
4597
Türkmenistanda «Ýaşyl energiýa – ýagty geljek» atly bäsleşigi yglan edilýär
«Türkmengaz» döwlet konserni, «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti, «Ussatnews» elektron gazetiniň redaksiýasy bilelikde «ýaşyl» energiýa, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmegiň ähmiýeti we Türkmenistanda energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine bagyşlanan neşirler üçin bäsleşik yglan edýärler.
06.05.2025
4662
Aşgabatda BMG-niň Çagalar gaznasy ýaşlar tomusky howa mekdebini guraýar
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy Aşgabatda guraýan ýaşlar tomusky howa mekdebine arzalary kabul edip başlandygyny habar berýär. Bu başlangyç ýaşlaryň durnukly ösüşi gazanmak üçin howanyň üýtgemegine we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmaga garşy göreşmek ukyplaryny ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
06.05.2025
6790
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýurdumyzyň talyplaryny biotehnologiýa boýunça I internet olimpiadasyna çagyrýar
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda biotehnologiýa boýunça I internet olimpiadasyny geçirer.
05.05.2025
5860
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
05.05.2025
6983
Gahryman Arkadagymyz Fransiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna ugrady.