01.05.2025
5750
Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek ýerindäki gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary görkezildi.
01.05.2025
5171
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna ugrady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
01.05.2025
6064
Türkmenistanyň çagalaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine tagallalary birleşdirmek boýunça başlangyçlary BMG-de goldanyldy
Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Bu habar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýär.
01.05.2025
5683
Ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada
Düýn Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we onuň çäginde hereket edýän çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere, şeýle-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan dürli görnüşli süýjüliklerden ybarat sowgatlar gowşuryldy.
01.05.2025
5530
Astrahan şäherinde alymlaryň we şahyrlaryň türkmen zenanlaryna bolan garaýyşlaryna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň işgärleriniň gatnaşmagynda «Filosoflaryň we şahyrlaryň türkmen zenanlary baradaky oýlanmalary» atly döredijilik agşamy geçirildi.
01.05.2025
6895
«Arkadag» futbol topary ýaryş sanawynyň başynda
«Arkadag» toparynyň futbolçylary alty ýeňiş gazanyp, ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň ýaryş sanawynyň başyna gaýdyp geldi.
01.05.2025
5561
Aşgabatda metbugat we maglumat sowatlylygy boýunça okuw maslahaty geçirildi
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat we maglumat sowatlylygy boýunça tälimçileri taýýarlamaga gönükdirilen iki günlük okuw geçirildi.
01.05.2025
6272
Türkmenistanda kükürt esasynda çygdan goraýjy örtük döredildi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen giňişleýin ylmy we tejribeli işleriň netijesinde «Suw desgalary we beýlekiler üçin suwdan goraýjy birleşmeli örtük» döretmek tehnologiýasy işlenip düzüldi we patentleşdirildi.
30.04.2025
11508
Döredijilikli syýasat we netijeli hyzmatdaşlyk — Watanymyzyň täze üstünlikleriniň kepili
Geçen hepde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň abadançylygyna, öz mirasyny aýawly saklamagy, oňa gadyr goýmagy, nurana şu gününi gurmagy başarýan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze sepgitlerine tarap ynamly gadam urýan halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigini tassyklaýan möhüm wakalara baý boldy.
30.04.2025
4044
Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.