07.01.2025
5810
Türkmenistanyň Prezidenti Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul etdi.
07.01.2025
5913
2024-nji ýylyň dekabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
2024-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen halkara derejeli çäreler — syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlardyr sergiler özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary babatda pikir alyşmak üçin meýdança bolmak bilen, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirmek, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary has-da giňeltmek boýunça alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
07.01.2025
3433
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň günorta-günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine gynanç hatyny iberdi.
07.01.2025
4097
Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Al-Marşadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
07.01.2025
3524
Türkmenistanyň DIM-nde Türkiýäniň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi.
07.01.2025
15224
Diňe kömelek hakynda
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigaty we ülkäni öwreniş bölüminiň sergisiniň düzüminde täze diwarlyklar peýda boldy. Onda biziň ýurdumyzda tebigy ýagdaýda duşýan güberçek «telpekli» kömelekler hakyky ululykda we görnüşde görkezilipdir.
07.01.2025
5627
Üzümiň düzüm böleklerini biotehnologiýada ulanmagyň geljegi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýa barlaghanasynda galyndysyz önümçilik işi arkaly bio we eko-tehnologiýalary ösdürmek maksady bilen, üzümiň ýerli görnüşleriniň, şol sanda ýapraklarynyň, däneleriniň we agajynyň biotehnologiýada ulanylyşynyň geljegini öwrenmek boýunça ylmy-agtaryş we synag işleri alnyp barylýar.
06.01.2025
4320
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
06.01.2025
5648
Sanly medeniýet boýunça maslahat geçirilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy we BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» taslamasynyň çäginde «Sanly medeniýet» atly maslahat başlandy.
06.01.2025
4834
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 363 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.