23.04.2025
4336
Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Ýewropa Parlamentiniň Başlygynyň diplomatik geňeşçisi bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Ýewropa Parlamentiniň binasynda Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Palwanow bilen Ýewropa Parlamentiniň Başlygynyň diplomatik geňeşçisi Silwiýa Kosinskanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
23.04.2025
7981
Daşoguz welaýatynda «Behişdi bedewler – gözellik nusgasy» atly çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi
Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Daşoguzda geçirilen täsirli çäreleriň biri-de «Behişdi bedewler – gözellik nusgasy» atly çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik boldy. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi we Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebi gurady.
23.04.2025
6770
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli sergi geçirildi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Sergi merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisi açyldy. Onda dürli durmuş ýagdaýynda şekillendirilen, ýöne öz gözelligi we hoşgylyk tebigaty bilen adamlary begendirýän akhalteke atlaryna bagyşlanan 100-den gowrak surat tomaşaçylara hödürlendi.
23.04.2025
4642
Türkmenistanyň futzal toparlary ýylyň baş baýragy ugrunda göreşe başladylar
Aşgabatda duşuşyklaryň üçüsi bilen futzal boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasy başlandy.
23.04.2025
8762
Aşgabatda mekdep okuwçylaryň arasynda II halkara matematika olimpiadasy başlandy
22-nji aprelde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda mekdep okuwçylaryň arasynda II halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy.
23.04.2025
5609
Türkmenistanyň talyplary Sankt-Peterburgdaky halkara matematika olimpiadasynda 16 medal gazandylar
Türkmenistanyň talyplary 20-22-nji aprel aralygynda Sankt-Peterburgyň maglumatlar tehnologiýalary, mehanika we optika milli barlaglar uniwersiteti tarapyndan guralan demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XI Halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2025) üstünlikli çykyş etdiler.
23.04.2025
4889
TEIF 2025-de Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça kitapça teklip edildi
Kuala-Lumpurda başlanan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň (TEIF 2025) çäginde «The Investor» halkara neşiriniň taýýarlan ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlary boýunça ýöriteleşdirilen gollanmanyň ilkinji sany hödürlendi.
23.04.2025
6132
Kuala-Lumpur Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gelýän wekilleri garşy alýar
Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilýän Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy öz işine başlady.
23.04.2025
5700
Türkmen hokkeýçileri 2025-nji ýylda Türkiýede başlanan dünýä çempionatynda Bosniýa we Gersegowinanyň toparyny ýeňdi
Türkmen hokkeýçileri Stambulda (Türkiýe) geçirilýän dünýä çempionatyna «A» toparyň üçünji bölüminde Bosniýa we Gersegowinanyň toparyny ýeňmek bilen 3:1 (1:1, 0:0, 2:0) başladylar.
23.04.2025
5762
Maldarçylyk pudagyndaky möhüm möwsüm üstünlikli jemlendi
Ýurdumyzyň Balkan welaýatynda ykdysady taýdan bähbitli bolan maldarçylygy ösdürmeklige uly üns-ähmiýet berilýär. Munuň hakykatdanam şeýledigine Balkan welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler hem doly şaýatlyk edýär.