27.11.2024
3244
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Pia Kaumanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
27.11.2024
3175
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky on dördünji duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky on dördünji duşuşygyna gatnaşdy.
27.11.2024
3626
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň baş sekretary bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen iş sapary bilen gelen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) baş sekretary Umberto de Prettonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
26.11.2024
4994
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
26.11.2024
6452
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Ruhnama köçesiniň ugrunda 4 sany 4 gatly, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýynyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
26.11.2024
5784
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady.
26.11.2024
3797
Aşgabat forumy – ulag diplomatiýasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança
Paýtagtymyzda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň açylyşy boldy.
26.11.2024
5324
Technovation Girls Türkmenistan maksatnamasynyň täze möwsümi başlandy
Durmuş telekeçiligini ösdürmek hem-de ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematikada (STEM) gyzlara goldaw bermek ýaş işewürler üçin möhüm ileri tutulýan ugurlara öwrülýär. Şu nukdaýnazardan Technovation Girls Türkmenistan maksatnamasy şahsy we hünär taýdan ösmek üçin möhüm mümkinçilikleri hödürleýär.
26.11.2024
8192
Türkmenistanda täze okuw kitaplary neşir edildi
Türkmenistanda ýurdumyzyň orta umumy bilim berýän mekdepleri we ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary neşir edildi. Kitaplar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.
26.11.2024
5645
Beýik Britaniýadan ýüzden gowrak gymmatly golýazma getirildi
25-nji noýabrda bolup geçen iş mejlisinde eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy pederlerimiziň şöhratly geçmiş taryhymyzyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly işleri bitirendigini, häzirki nesilleriň borjunyň bolsa ony indiki nesillere ýetirmekdigine ünsi çekdi.