23.11.2024
5423
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
«Galkynyş» gaz känindäki 265-nji belgili ulanyş guýusynda 4485 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede, ýer astyndaky 4417 — 4281 we 4266 — 4226 metr aralyklardaky gatlaklarda çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metr bolan täze tebigy gaz akymy alyndy.
23.11.2024
5051
Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär
2024-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy bilen Gruziýanyň kino akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen kinolarynyň gününiň dabaraly açylyşy geçirildi.
23.11.2024
6608
Kiýew şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi
2024-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda «Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragy we ynsanperwer şahyryň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryň hazynasyna goşan goşandy» atly medeni çäre geçirildi.
23.11.2024
4578
Nemes sazandalary nemes kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler
Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilen bilelikde nemes nusgawy sazlarynyň meşhur eserleriniň gala-konsertini gurady. Konsert Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirildi.
23.11.2024
5578
Türkmen gümrükçileri gümrük amallaryny sanlylaşdyrmagyň we amatlaşdyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenýärler
USAID-iň Merkezi Aziýada Söwda maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýada Serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMCA 10) tarapyndan guralan maslahat harytlaryň gümrükde resmileşdirmegi we gümrük amallaryny sanlylaşdyrmagy bilen baglanyşykly maglumatlaryň elektron akymyny gowulandyrmak barada boldy.
23.11.2024
4681
Türkmenistan Rio-de-Žaneýroda geçen Bütindünýä Gümrük Guramasynyň tehnologiýa maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçen Tehnologiýa maslahatyna we sergisine gatnaşdy.
22.11.2024
5431
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
22.11.2024
8899
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmenpagta” döwlet konsernine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine:
22.11.2024
5829
Türkmenistan we türki dünýäsi TÜRKSOÝ-yň täze ýygyndysynda ýaş suratkeşleriň nazarynda
Ýaş suratkeşleriň halkara bäsleşiginiň jemi boýunça neşir edilen «Türki dünýäsiniň medeni mirasy we Türkmenistan» atly täze katalog-albom Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň ýygyndysyna girdi.
22.11.2024
5348
Türkmen kompaniýalaryny Hytaýdaky sergilere çagyrýarlar
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Hytaýda geçýän önümleriň goralýan geografik görkezijileriniň halkara sergisine we import edilýän azyk hem oba hojalyk önümleriniň halkara sergisine gatnaşyp bilerler.