03.10.2024
7303
Ulag-kommunikasiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Şu gün paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi.
03.10.2024
5880
Türkmen diplomaty Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy E.Bolkwadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
03.10.2024
5699
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrunda ýaryş başlandy
Şu gün paýtagtymyzda badalga alan Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrunda 2-nji ýaryşa Aşgabatdan, Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan 285 küştçi gatnaşýar.
03.10.2024
5928
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary Dubaýda WETEX 2024 halkara sergisinde ýurdumyza wekilçilik etdiler
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyplary 1-3-nji oktýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki Dubai World Trade Centre Halkara sergi merkezinde geçirilen «Suw, energiýa, tehnologiýalar we daşky gurşaw» (WETEX 2024) atly halkara sergisine gatnaşdylar.
03.10.2024
6924
Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy giňeldýärler
2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Ogaýo ştatynyň Kent şäherinde Kent döwlet uniwersitetiniň rektory Tod Dýakon bilen duşuşyk geçirildi.
03.10.2024
6598
«Köňül arzuwy» we «Hazar ýol» kompaniýalary «TransLogistica Kazakhstan-2024» sergisine gatnaşar
«Köňül arzuwy» we «Hazar ýol» hususy ulag-logistika kompaniýalary şu ýylyň oktýabr aýynyň 9–11-i günlerinde Astanada geçiriljek Gazagystanyň «Translogistica Kazakhstan-2024» atly «Ulag we logistika» bagyşlanan 27-nji halkara sergisine gatnaşmaklary üçin bellige alyndy.
03.10.2024
5298
Nar hasylyny ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär
Şu günler Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň bagbanlary, kärendeçi daýhanlarydyr hususyýetçileri dürli miweli baglarda ýetişdiren hasyllaryny ýygnamak işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar.
03.10.2024
4571
Gündogar sebitde şaly oragyna badalga berildi
Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda 2024-nji oba hojalyk ýylynda esasy azyklyk ekinleriniň biri bolan şalynyň bol hasyly kemala getirildi we häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly ýygnamaklyga guramaçylykly girişildi.
03.10.2024
4897
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Olaf Şolsa we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
02.10.2024
4892
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan jenap Sigeru Isiba Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi.