19.09.2024
5848
Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Abdelmajid Tebbuna Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
19.09.2024
5290
Paýtagtymyzda halkara ylmy maslahat we sergi geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisi açyldy.
19.09.2024
7084
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady.
19.09.2024
4457
Türkmenistanyň Ilçisi Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Sofia şäherindäki Prezident köşgünde Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýewiň (oturýan ýeri Moskwa şäheri) bu ýurduň Prezidenti Rumen Georgiýew Radewe ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.
19.09.2024
7304
Elektron ýerlik işiň hasabatlylygyny we bellige alynmagyny iň amatly şekile getirýär
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde «Elektron statistika hasabatlylygy we iş sanawy» ýerligini üstünlikli işe girizdi.
19.09.2024
13771
Türkmen nakgaşlarynyň suratlarynda – Garaşsyzlyk baýramynyň waspy
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň suratlarynyň sergisi açyldy. Ýurdumyzyň bu baş baýramyny her ýyl halkymyz giň gerimli belleýär. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenilýär.
19.09.2024
6327
Aragatnaşyk düzüminiň täze kärhanalary açyldy
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öň ýanynda, ýola goýulan asylly däbe eýerip, Türkmenistanyň gurluşykçylary senagat, ykdysady we durmuş-medeni maksatly desgalary dabaraly ýagdaýda ulanmaga tabşyrýarlar. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde etrap aragatnaşyk bölüminiň täze binasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
19.09.2024
6306
Türkmenistanyň wekilleri «Jastar Generation – 2024» atly halkara ýaşlar lagerine gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherindäki «Arman Dala» sagaldyş-dynç alyş merkezinde geçirilen «Jastar Generation – 2024» atly halkara ýaşlar lagerine gatnaşdy. «Assambleýa žastary» Respublikan jemgyýetçilik guramasy çäräniň guramaçysy bolup çykyş etdi.
19.09.2024
8151
Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary Kubanyň, erkekler bolsa Ýamaýkanyň toparyny ýeňdi
Budapeştde (Wengriýa) dowam edýän 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda türkmen toparlary ýene iki ýeňiş gazandy.
19.09.2024
7044
Türkmenistanda ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamy kämilleşdirilýär
Aşgabatda ýerli öz-özüňi dolandyryş pudagyndaky özgertmeleri ilerletmek boýunça «tegelek stol» geçirildi. Ony Türkmenistanyň Mejlisi ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugy (USAID) bilen bilelikde guraldy.