30.08.2024
5367
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri tejribe alyşmak üçin Taýland Patyşalygyna bardylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri tejribe alyşmak sapary bilen Taýland Patyşalygyna baryp gördüler.
30.08.2024
4666
Türkmenistan halkara energetika bazarynda eýeleýän ornuny barha berkidýär
Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar.
30.08.2024
7096
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Ýanka Kupala
Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» atly medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.
30.08.2024
5937
Bütindünýä «akylly şäherler» sergisinde Türkmenistana Arkadag şäheri wekilçilik eder
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy baradaky Döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 3-5-nji sentýabr aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçiriljek Bütindünýä «akylly şäherler» – World Smart City Expo sergisine gatnaşar.
30.08.2024
6818
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlandy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Aşgabat şäher Geňeşi we Aşgabadyň dokma toplumynyň TMÝG-niň ilkinji guramasy bilen bilelikde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan «tegelek stol» geçirdi.
30.08.2024
4474
Aşgabatda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy boýunça Dördünji milli habaryň taýýarlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
Aşgabatda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly iş maslahaty geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Türkmenistanda Durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada «ýaşyl» şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» taslamasynyň çäklerinde guraldy.
30.08.2024
6289
«Aşgabat» futbol kluby paýtagt derbisinde «Köpetdag» toparyny ýeňip bilmedi
Paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň «Aşgabat» topary bilen «Köpetdag» toparynyň arasyndaky duşuşygy geçirildi.
30.08.2024
6204
Abraýly ýetginjekler ýaryşyna türkmen tennisçileriniň ikisi çagyryldy
Türkmen türgenleriniň ikisi – Ilima Guseýnowa we Sülgün Işangulyýewa 7–14-nji sentýabr aralygynda Kambojada 14 ýaşa çenli Aziýanyň güýçli tennisçi oglanlaryň we gyzlaryň 24-siniň gatnaşmagynda geçiriljek abraýly «Grand Slam Tennis. Regional Championship 14 & Under» ýetginjekler ýaryşyna şahsy çakylyk aldylar.
30.08.2024
4998
Geljegi uly ugur: Ermenistan-Eýran-Türkmenistan-Gazagystan
Häzirki döwürde ulag ulgamynyň ösdürilmegi geosyýasatyň möhüm ugrunyň hatarynda durýar, döwletlere we sebitlere uly ykdysady we syýasy bähbitleri üpjün edýän birleşdiriji kuwwatly serişde bolup hyzmat edýär, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge ýardam edýär.
30.08.2024
4904
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.