22.02.2024
4783
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Halkara zähmet guramasynyň sebit direktory bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit direktory Beata Andres bilen duşuşygy geçirildi.
22.02.2024
5572
Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Ýaponiýada türkmen talyp ýaşlary bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Parlamentiniň wekilýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, Tokio şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Mejlisiniň agzalary Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar.
22.02.2024
6849
Şu ýyl ýurdumyzda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy belleniler
Aýhan Hajyýew heniz Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky çeperçilik institutynyň talyby döwri Magtymguly Pyragynyň kanoniki portretiniň awtory hökmünde meşhurlyk gazanyp, türkmen žiwopisiniň taryhyna girdi.
22.02.2024
4663
Türkmenistan we Ýaponiýa parlamentara gepleşikleri giňeltmegi maksat edinýär
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaganyň arasynda duşuşyk geçirildi.
22.02.2024
6025
«Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň inženerleri tehniki howpsuzlyk okuwlaryny tamamladylar
«Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň 20-den gowrak inženeri tehniki howpsuzlyk we deňiz işleri boýunça gysga möhletli okuwlary tamamladylar.
22.02.2024
7730
«Arkadag» futbol topary BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda «Zenit» topary bilen deň oýnady
Birleşen Arap Emirliklerindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda «Arkadag» futbol topary bilen Sankt-Peterburgyň «Zenit» toparynyň oýunçylarynyň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygy 1:1 hasabynda deň tamamlandy.
22.02.2024
60997
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýokary synp okuwçylary üçin ders bäsleşikleriniň tapgyryny geçirer
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylary üçin internet boýunça ders bäsleşikleriniň tapgyryny geçirer.
22.02.2024
6250
Daşary ýurt dilleri boýunça döwlet olimpiadasynyň jemleýji tapgyryna gatnaşjaklar kesgitlendi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň bilim edaralarynyň gysga möhletli okuwlarynyň diňleýjileriniň arasynda yglan edilen daşary ýurt dilleri boýunça döwlet olimpiadasynyň ilkinji iki tapgyry tamamlandy.
22.02.2024
3774
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda «Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň» binasynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
22.02.2024
7499
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen edebiýaty kafedrasynyň hepdeligi geçirilýär
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Magtymguly we türkmen edebiýaty» at bilen hepdelik geçirilýär. Ol 19 – 24-nji fewral aralygynda türkmen edebiýaty kafedrasy tarapyndan guraldy.