23.01.2024
7025
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
23.01.2024
6341
Tokioda Gahryman Arkadagymyzyň ýapon diline terjime edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Tsukuba Uniwersitetinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorlarynyň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline tejime edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
23.01.2024
6429
Türkmenistan Ýaponiýanyň maliýe institutlary bilen gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär
Ýaponiýa amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda, 2024-nji ýylyň 22-23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň daşary söwda guramasynyň (JETRO) ýerine ýetiriji direktory hem-de başlygy Işiguro Norohiko we Eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş guramasynyň (NEXI) ýerine ýetiriji diektory hem-de başlygy Asuo Kuroda bilen duşuşyklary geçirdi.
23.01.2024
10174
Ýurdumyzyň Mary welaýatynda iň gowy bagşylar kesgitlendi
Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary mynasybetli bagşylaryň bäsleşigi geçirildi.
23.01.2024
8087
Türkmen mugallymlary «Fulbright» maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2024-2025-nji ýyllarda «Fulbright Teaching Excellence and Achievement» maksatnamasyna gatnaşmak üçin açyk bäsleşik geçirýär.
23.01.2024
7868
2024-nji ýylda Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň çäreleriniň merkezi bolar
Stambulda Türkiýäniň Parlament assambleýasynyň, Halkara türk akademiýasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, şeýle hem halkara türk medeniýeti we mirasy gaznasynyň gatnaşmagynda Türki Döwletleriň Guramasynyň utgaşdyryjy komitetiniň dördünji mejlisi geçirildi.
23.01.2024
7085
Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary ulanylmaga berildi
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň polisiýa bölümlerinde Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary açyldy.
23.01.2024
6332
Stambulda türkmen-türk hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda Baş konsul M.Öwezow bilen Stambulyň häkimliginiň halkara gatnaşyklary ugrunyň ýolbaşçysy Ýu.Barbaros Buýuksagnagyň arasynda duşuşyk geçirildi.
23.01.2024
6907
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ylym-bilim gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär
2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Tsukuba Uniwersitetiniň Prezidenti K.Nagata we Soka Uniwersitetiniň Prezidenti M.Sudzuki bilen duşuşyklary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
23.01.2024
5567
Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginde geçirilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmany beýan etdiler.