Hyzmatdaşlyk
14.05.2026
2319
Türkmenistanyň DIM-de Kipr Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň Kipr Respublikasynyň Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Kipros Ýorgallis bilen duşuşygy geçirildi.
14.05.2026
2315
Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdy
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar geňeşiniň (DEİK) ýanyndaky «Türkiýe - Türkmenistan» işewürlik geňeşiniň türk böleginiň başlygy Sefa Gömdeniziň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy.
13.05.2026
3082
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Baku şäherine iş sapary bilen geldi
2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa bilen Azerbaýjanyň Kärdeşler Arkalaşyklary Konfederasiýasynyň başlygy S.Mamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
13.05.2026
2865
BAE-niň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
13.05.2026
2647
Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropanyň Maglumat-seljeriş kollejiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropanyň Maglumat-seljeriş kollejiniň Sekretariatynyň direktory Ýasmin Guedar bilen duşuşdy.
13.05.2026
2592
Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň rezidensiýasynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Ço Hýon tarapyndan Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileri üçin guralan resmi agşamlyk nahary boldy. Oňa Türkmenistanyň Ilçisi B. Durdyýew hem gatnaşdy.
13.05.2026
2731
Türkmenistanda gurlan ilkinji «Gadamly» gury ýük gämisiniň Baku Halkara deňiz portunda dabaraly garşy alyş çäresi geçirildi
Baku halkara deňiz portunda Türkmenistanda gurlan ilkinji «Gadamly» gury ýük gämisini dabaraly garşy alyş çäresi geçirildi. Täze türkmen gämisiniň Azerbaýjana gelmegi doganlyk döwletleriň arasyndaky ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylýandygynyň hem-de Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ugrunda ýük daşamalarynyň ösdürilýändiginiň möhüm nyşany boldy.
13.05.2026
1771
Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky diplomatik köpri
Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk durnukly ösüş, sebit howpsuzlygy we energetika durnuklylygy üçin strategik ähmiýete eýedir.
13.05.2026
2665
Aşgabat şäherinde «Türkmenistan we halkara hukugy: bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binasynda «Türkmenistan we halkara hukugy: bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
13.05.2026
2419
Türkmenistan Londondaky täze B2B Exchange platformasynyň üsti bilen Britaniýanyň bazarlaryna çykýar
2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Londonda, Günbatar London Söwda edarasynyň (West London Chambers of Commerce) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň we Birleşen Patyşalygyň hususy pudagynyň wekillerini birleşdiren köpugurly biznes-missiýa öz işine başlady.