Jemgyýet
08.08.2021
4782
COVID-19 ýokanjyndan sanjymyň elýetrliligini ýokarlandyrmak üçin ählumumy tagallalar
Esay halkara düzümleri – Halkara walýuta gaznasy, Bütindünýä banky Topary, Bütindünýä saglgy goraýyş guramasy we Bütindünýä söwda guramasy köptaraplaýyn maliýe we söwda çözgütlerini ulanmak arkaly COVID-19 ýokanjyndan sanjymlaryň, terapewtiki we anyklaýyş serişdeleriň elýetliligini çaltlandyrmak üçin tagallalaryny birleşdirýärler.
07.08.2021
10577
Magtymguly şaýolunda “Daşkent” Medeni dynç alyş seýilgähi gurulýar
Türkmenistan bilen Özbegistanyň dostlugynyň hatyrasyna Aşgabatda Magtymguly şaýolunyň ugrunda “Daşkent” Medeni dynç alyş seýilgähi gurlar. Gurluşyk meýdançasy hökmünde “Güneş” seýilgähiniň çägi saýlanyp alyndy. Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan “Zehinli iş” hojalyk jemgyýeti bu gurluşygyň hem taslamaçysy, hem-de potratçysydyr.
06.08.2021
4814
Döwletara hyzmatdaşlygy berkitmegiň bähbidine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guralan iri halkara çäreleriň çäklerinde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Oňa sebitiň ýurtlarynyň 5-siniň wekilleri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
06.08.2021
2938
Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy geçirildi
Şu gün Hazaryň kenarynda, «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen guralan iri halkara çäreleriniň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň bäşisiniň wekilleriniň, BMG-nyň MA üçin öňüni alyş diplomatiýasy Sebit merkeziniň we BMG-nyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebit Edarasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy geçirildi.
06.08.2021
3464
Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlary KOWID-19-a garşy bilelikdäki göreş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen üçünji Konsultatiw duşuşygynda koronawirus pandemiýasynyň täze görnüşine bilelikde garşy durmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
04.08.2021
10109
Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň вütindünýä hepdeligi
Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi (World Breastfeeding Week) Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlangyjy bilen 1-nji awgustdan 7-nji awgust aralygynda geçirilýär. Onuň döredilmegine 1990-njy ýylda BSG-nyň we çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi höweslendirmäge hem-de goldamaga gönükdirilen Innoçet jarnamasynyň kabul edilmegi sebäp boldy.
03.08.2021
3911
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy ýaş programma düzüjileri hakatona çagyrýar
12-nji awgustda bellenýän Halkara Ýaşlar güni mynasybetli, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekiliýeti “Google Developer Group” bilen bilelikde hakatony (iňlis dilindäki “hacker” (haker) + marathon “marafon” sözlerinden ýasalan hackathon), ýagny “wirtual zagsy” işe girizýär. Döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak pudagynda innowasion çözgütleriň gözlegine gönükdirilip, programma işläp düzüjiler, dizaýnerler, dolandyryjylar üçin niýetlenen bu forum 7-8-nji awgustda geçiriler.
03.08.2021
16870
Mekdep bazarlaryna hoş geldiňiz!
Şu gün paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda her ýyl bolşy ýaly, mekdep bazarlary işläp başlady. Türkmenistan boýunça jemi söwda nokatlarynyň 410-sy, şol sanda Aşgabatda 55-si, Ahal welaýatynda 48-si, Balkanda 41-si, Lebapda 79-sy, Mary welaýatynda 134-si we ýurduň demirgazyk sebiti, Daşoguzda 53-si açyldy.
02.08.2021
5680
Rahym Akynyýazow: diplomat, žurnalist we sportçy
Aramyzda gezip ýören bolsady, şu ýyl ilkinji türkmen diplomatlarynyň biri Rahym Ataýewiç Akynyýazowyň 90 ýaşy dolardy. Uzak ýyllaryň dowamynda gazanan iş tejribesini garaşsyz Türkmenistanyň ýaş diplomatlaryna öwretmek onuň arzuwydy, emma hemmetaraplaýyn ösen bu ajaýyp adamyň ykbaly onuň aramyzdan ir gitmegini emir eden eken, ol 1992-nji ýylda dünýäden gaýtdy.
01.08.2021
7132
Ynam dostlugyň esasy şertidir
Gadymy grek syýasatçysy we filosofy Mark Tulliý Siseron şeýle diýipdir: “Dünýäde dostlukdan gowy we ýakymly zat ýokdur, durmuşdan dostlugy aýyrmak dünýäni gün nurundan mahrum eden ýalydyr”. Biziň günlerimizde bu söz dünýä düzgüni we onuň gymmatlyklary baradaky gapma-garşylykly pikirleriň, kä ol ýerde, kä bu ýerde ýüze çykýan sebit dawalarynyň ýerliginde weli sözi bolmasa-da, aňrybaş wajyp bolup görünýär.