mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jemgyýet

news-photo

04.06.2021

total-veiw

6007

Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi

Ýurdumyzda 4-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň babadaýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 11-nji iýunda goşular.

news-photo

04.06.2021

total-veiw

5018

Türkmenistanlylar «Ýüpek ýol – ýaşlaryň gözi bilen» bäsleşigine gatnaşyp bilerler

Gepleşigi we ösüşi ilerletmek maksady bilen, BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) ýene-de «Ýüpek ýol – ýaşlaryň gözi bilen» atly halkara fotobäsleşigi geçirýär.

news-photo

03.06.2021

total-veiw

8594

Bütindünýä welosiped güni: sagdyn durmuş we amatly ulag ýörelgesi

Ýer ýüzüniň adamlary 3-nji iýuny Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda kabul edilen Bütindünýä welosiped güni hökmünde belleýär.

news-photo

01.06.2021

total-veiw

5523

Ýurdumyzda çagalaryň dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna badalga berildi

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdança ýygnandylar. Olar şu ýerden tomusky dynç alyş möwsüminde ajaýyp Gökdere jülgesinde ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezlerine ugradylar.

news-photo

01.06.2021

total-veiw

9811

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralar

Şu gün paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan hem-de Türkmenistanda ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alnandygyny aýdyň görkezýän baýramçylyk çäreleri geçirildi.

news-photo

30.05.2021

total-veiw

16124

Türkmen halylary adamzadyň medeni mirasynyň merjenidir

Şu gün tutuş ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden dabaralandyrylýan şanly sene — Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli giň möçberli çäreler guraldy.

news-photo

29.05.2021

total-veiw

8417

Aşgabadyň demirgazygynda häzirki zaman kotej toplumy gurlar

Aşgabadyň demirgazyk böleginde, Altyn kölüň kenarynda häzirki zaman kotejler toplumy bina ediler. Ol kölüň demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşer. Kenarýaka bilen taslamasy düzülýän täze ulag ýolunyň arasynda ýerleşýän bu ýaý görnüşli ýarymaýlaw zolagyň meýdanynyň giňligi 424 metre deňdir, diametri 4 müň metrden, uzynlygy bolsa 7 kilometrden hem gowrakdyr. «Ýaýyň» merkezinde amfiteatrly we awtomobil duralgaly seýilgäh gurlar. Şol-da kotej toplumynyň geometriki merkezi bolar.  

news-photo

28.05.2021

total-veiw

5045

Watan oglunyň ene-atasyna nusgalyk hormaty arkaly jemgyýetiň jebisligi berkeýär

Şu gün Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän harby bölümde we Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň kyblasy, Watanymyzyň wepaly oglunyň röwşen keşbine hem-de durmuş ýoluna bagyşlanan çäreler geçirildi.

news-photo

25.05.2021

total-veiw

14619

Ýurdumyzda “Soňky jaň” we Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dabaralar geçirildi

Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde “Soňky jaň” dabaralary geçirildi. Bu ajaýyp baýram «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy bellenilýän ýylda uçurymlaryň onlarça müňüsi üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi.


news-photo

25.05.2021

total-veiw

18789

Täze doglan çagalara paýtagtymyzyň şanly baýramynyň hormatyna Aşgabat hem Merjen atlary dakyldy

Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni hem-de onuň döredilmeginiň 140 ýyllygy bellenilýän günde paýtagtymyzda doglan ilkinji çagalaryň ene-atalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy hem-de mähirli gutlaglar, bagtly durmuş, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlar beýan edildi.

...415