Medeniýet
20.01.2024
10195
Türkmenistan 2024-nji ýylda dünýäde Magtymguly Pyragynyň döredijiligini we medeniýet ulgamynda gazanylan üstünlikleri wagyz eder
Türkmenistanda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri we döredijilik bäsleşiklerini geçirmek meýilleşdirilýär.
19.01.2024
6795
Türkmen alymlarynyň Hindistana ylmy sapary
Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän 2024-nji ýylda Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary daşary ýurtlaryň muzeýlerinden, kitaphanalaryndan we golýazma ammarlaryndan beýik nusgawy şahyryň döwri, durmuş we döredijilik ýoly baradaky täze taryhy maglumatlary işjeň gözlemegi dowam etdirýärler.
19.01.2024
10461
2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäheriniň taryhy
Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip atlandyrylan Änew şäheri özüniň bahasyna ýetip bolmajak taryhy-medeni mirasy bilen şöhratlanýar.
19.01.2024
16751
Magtymguly Pyraga bagyşlanan sungat eserleri
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Magtymgulynyň şygryýetinde türkmen topragynyň gözelligi» atly maslahat geçirildi.
18.01.2024
9503
Türkmenistanda «Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi – müňýyllygyň mirasy» atly ylmy maslahat geçirildi
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanda halk arasynda Mäne baba ady bilen tanalýan Abu Seýit Abul Haýryň köpugurly baý mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen ylmy maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy.
18.01.2024
5435
«H.Bahtiýarow» lakamy bilen
Häzirki wagtda bir wagtlar meşhur etnograf, taryhçy we Türkmenistanyň ilkinji alymlarynyň biri Georgiý Iwanowiç Karpowyň ýaşlygynda döwürleýin neşirlerde çykyşlarynda, köplenç, bu lakam bilen gol çekendigini göz öňüne getirmek kyn.
18.01.2024
8913
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan çäreler geçirilýär
Şu günler Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan köp sanly medeni çäreler, maslahatlar, ýörite okuwlar, sergiler we konsertler geçirilýär.
17.01.2024
6369
Paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Dynç günlerinde paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin dürli medeni çäreler garaşýar.
17.01.2024
11256
Türkmenistanyň ýaşlary döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we «Arkadagly ýaşlar» pudaklaýyn elektron žurnalynyň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» ýaşlar döredijilik bäsleşigine gatnaşmak isleýänler hasaba alnyp başlandy.
17.01.2024
7213
Arkadag şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara olimpiada geçiriler
Türkmenistanyň Bilim ministrligi mekdep okuwçylaryny 2024-nji ýylyň 25–31-nji marty aralygynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Arkadag şäherinde geçiriljek halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.