Ï Özbegistan türkmen operatorlaryna serhedaşa syýahatçylyk ugurlaryny döretmegi teklip etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özbegistan türkmen operatorlaryna serhedaşa syýahatçylyk ugurlaryny döretmegi teklip etdi

view-icon 821
Özbegistan türkmen operatorlaryna serhedaşa syýahatçylyk ugurlaryny döretmegi teklip etdi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda goňşy ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmaga we bu ugurdaky bilelikdäki işlere bagyşlanan mowzuky brifing geçirildi. Ilçi Rawşanbek Alimow Özbegistanyň syýahatçylyk pudagynyň häzirki gazananlary barada gürrüň berdi we türkmen syýahatçylyk operatorlaryny işjeň hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Diplomatik edaranyň ýolbaşçysynyň beren gürrüňine görä, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna girizilen Samarkant, Buhara, Hywa we Şahrisabz şäherlerinde binagärlik ýadygärlikleri, şol sanda gündogar medeniýetiniň nyşanlaryna öwrülen medreseler, aramgähler, kerwensaraýlar we metjitler jemlenipdir.

«Häzirki wagtda Özbegistan diňe bir adaty taryhy we medeni ugurlary däl, eýsem ýurdy dürli tarapdan açyp görkezýän täze syýahat görnüşlerini hem teklip edýär» diýip, R.Alimow aýtdy.

Şolaryň arasynda ilçi açyk howada daşky gurşaw bilen sazlaşykly dynç almagy öz içine alýan ýaşyl we ekologik turizmi, däp-dessurlardyr senetler bilen gyzyklanýanlar üçin medeni-etnografik syýahatçylygy, mukaddes ýerlere baryp görmegi öz içine alýan zyýarat syýahatçylygyny; ýaş syýahatçylar üçin bolsa başdan geçirmeler we ekstremal syýahatçylygy, şeýle hem aýratyn üns bermäge mynasyp bolan azyk-owkat syýahatçylygyny belledi.

Şu nukdaýnazardan, diplomat 2025-nji ýylyň başyndan bäri Özbegistana 8,6 million daşary ýurtly syýahatçynyň gelip-gidendigini aýtdy. Häzirki wagta çenli bu ýurda eýýäm aýda takmynan 1 million syýahatçy gelip-gidýär.

Bu maglumatlary görkezmek bilen, R.Alimow türkmen syýahatçylyk kompaniýalaryny we maýadarlaryny döwletiň salgyt we gümrük ýeňillikleri ýaly amatly şertleri döreden ýurdy bolan Özbegistandaky iri möçberli taslamalara, hususan-da, myhmanhanalaryň, dynç alyş zolaklarynyň we ulag merkezleriniň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy.

Diplomatik edaranyň ýolbaşçysy, şeýle hem, «Hywa ‒ Köneürgenç ‒ Aşgabat ‒ Mary ‒ Buhara» serhedaşa syýahatçylyk ugrunyň döredilmegini hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde agzady. Ol türkmenistanly hyzmatdaşlaryny 27 ‒ 29-njy noýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän Daşkent halkara syýahatçylyk ýarmarkasyna gatnaşmaga-da çagyrdy.

Diplomat sözüniň ahyrynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşma we strategik hyzmatdaşlyk häsiýetlidigini, syýahatçylygyň bolsa bu gatnaşyklaryň ösüşinde hereketlendiriji güýç we jemgyýetçilik diplomatiýasyny öňe sürmegiň guraly bolup hyzmat edýändigini nygtady.