Ï Bitaraplyk toýuna taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bitaraplyk toýuna taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylýar

view-icon 1811
Bitaraplyk toýuna taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylýar

Häzirki wagtda berkarar Diýarymyzyň ähli ýerinde Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer syýasatynyň özenini düzýän hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk işleri giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylýar.

Diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde, halklaryň we döwletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy, ysnyşykly doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde aýratyn orna eýe bolan türkmen Bitaraplygy bu gün dünýäniň hemme halklarynyň dilinde. Ynha, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 10 – 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna dünýäniň çar künjünden belent mertebeli myhmanlar geler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Berkarar Diýarymyzyň merjen paýtagtynda geçiriljek bu toýa dünýäniň çar künjünden myhmanlary ata-babalarymyzyň beýik adamkärçilige ýugrulan ynsanperwer ýörelgesi çagyrýar, hemişelik Bitaraplygymyz çagyrýar, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutuş adamzadyň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik taglymaty çagyrýar. Biziň dana pederlerimiziň mähre eýlenen «Gelen – döwlet» diýen parasatly aýtgysy bar. Diýmek, ýurdumyza myhman gelýär, myhman bilen hem döwlet gelýär. Olary güler ýüzli, duz-çörekli, aýdym-sazly garşylamak bolsa halkymyzyň gadymyýetden gelýän däbi. Ine, şu ýörelgeden ugur alyp, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri hem bu şanly toýa ýürek owazyny goşmak üçin ylham atyna atlanyp, zehinine ganat baglaýarlar. Bitarap Watanymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly ýurdumyzyň Gündogar sebitinde hem bu toýa taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Tutuş adamzadyň toýuna öwrülen bu şanly baýramda esasy dabara welaýat merkezinde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde geçiriler. Türkmen öýüniň gapysynyň elmydama toýlydygyny aňladýan bu konsert türkmen halk we häzirkizaman aýdymlarydyr tanslary bilen doganlyk halklaryň meşhur aýdym-tanslarynyň kalbymyzy bezejek älemgoşaryny emele getirer. Biz bu şanly baýrama görülýän taýýarlyk barada welaýat medeniýet müdirliginiň başlygy Bagtyýar Reýimow bilen söhbetdeş bolduk:

– Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuna welaýatymyzyň sungat işgärleriniň taýýarlygy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri dowam edýär. Sebäbi, baky Bitaraplygymyzyň çuňňur ynsanperwer mazmuny, dünýä halklary üçin ähmiýeti bir günki, bir aýky toýa sygardan has giň. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde geçiriljek dabaraly konserte welaýatymyzyň belli sungat ussatlarynyň ählisi gatnaşýar. Baýramçylyk konsertimizde welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri bu şanly senä bagyşlanan edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş ederler. Konsertiň dowamynda aýdymçylarymyz türkmen halk we häzirkizaman aýdymlary bilen bilelikde rus, özbek, türk, azerbaýjan, gazak, täjik, italýan, arap, tatar, belarus halklarynyň aýdymlaryny ýerine ýetirerler. Aýdymlaryň şol halklaryň tanslary bilen utgaşmagy bolsa konsertimize özboluşly gözellik çaýar. Toý gününi Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň orkestri we talyp ýaşlary hem öz çykyşlary bilen bezär. Baýramçylyk konsertimizde çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna hem orun berler. Baýramçylyk günlerinde şeýle konsertler welaýatymyzyň ähli etraplarynda, şäherlerinde geçiriler. Şanly baýramyň dowam edýän günlerinde welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» ady bilen geçiriljek hepdeligiň çäginde doganlyk halklaryň belli drama eserlerini tomaşaçylaryň dykgatyna hödürlär. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň işgärleri hem şanly baýramyň çuňňur mazmunyny açyp görkezýän sergileri ýaýbaňlandyrarlar.