«Ahal» toparynyň futbolçylarynyň Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykmagy bilen, Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň yza süýşürilen duşuşygy tamamlandy.
Duşuşyk Türkmenbaşy şäherinde geçirildi.
Häzirki milli çempionatda bu iki topar hem medallar ugrunda göreş alyp barýar: «Ahal» kümüş medala, «Şagadam» bolsa bürünç medala bäsdeşlik edýär.
Bu möwsümde bäsdeşler üç gezek duşuşdylar – çempionatda iki gezek, Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynda bir gezek. Birinji aýlawda «Şagadam» toparynyň meýdançasynda «Ahal» topary 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy, ikinji aýlawda bolsa 1:1 hasabynda deňlik bellige alyndy.
Ýaňy-ýakynda bu toparlar Türkmenbaşy şäherinde ýene duşuşdylar, ýöne bu gezek eýýäm 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň birinji ýarym final duşuşygynyň çäklerinde. Şonda «Şagadam» topary 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.
Häzirki duşuşyk hem örän çekeleşikli häsiýetde geçdi. Duşuşygyň birinji ýarymynda toparlar biri-biriniň derwezesiniň «açaryny» tapyp bilmediler. Ikinji ýarymda bolsa duşuşygyň ykbalyny «Ahal» toparynyň kapitany Elman Tagaýewiň 52-nji minutda geçiren ýeke-täk goly çözdi.
Bu ýeňişden soň «Ahal» topary 43 utuk toplap, ýaryş tertibiniň ikinji ornuna çykdy we yzyndan gelýän «Altyn Asyr» topardan 2 utuk öňe saýlandy. «Şagadam» topary 40 utuk bilen dördünji orunda galdy, ýöne deňizýakalylar iki oýun az oýnady.
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony üçünji gezek möhletinden öň «Arkadag» topary bolandygyny ýatladýarys.