Ï Nikolaý Zaýsew: Ural horunyň konserti Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň birleşmesiniň hereketlendirijisine öwrüldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nikolaý Zaýsew: Ural horunyň konserti Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň birleşmesiniň hereketlendirijisine öwrüldi

view-icon 1856
Nikolaý Zaýsew: Ural horunyň konserti Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň birleşmesiniň hereketlendirijisine öwrüldi

Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry iki günläp Ural döwlet akademiki rus halk horunyň esasy sahnasy boldy. Bu meşhur topar türkmenistanly tomaşaçylara rus halk sungatynyň gadymy aýdymlardan we uruş ýyllarynyň sazlaryndan tä şowhunly aýdym-tans sahna oýunlaryna çenli baý mazmunly çykyşyny görkezdi.

Sapar mahalynda Ural horunyň çeper ýolbaşçysy Nikolaý Zaýsew «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bilen özünde galan täsirler barada gürrüň berdi.

N.Zaýsew Ural horunyň Aşgabadaky çykyşynyň ilkinji gezek däldigini belläp geçdi.

– Ural halk horunyň Aşgabatda ilkinji gezek bolşy däl, bu eýýäm ikinji sapar. Birinji gezek 1988-nji ýylda, uzak ýyllar ozal bolupdy. Indi bolsa Ural hory XXI asyrda ilkinji gezek myhmansöýer Türkmenistan topragyna ýene-de geldi. Weteranlardan olary nädip kabul edendiklerini soranymda, olar bu wakalary gaty mähirlilik bilen ýatladylar we olaryň ýüreklerinde henizem dutaryň sesiniň ýaňlanýandygyny aýtdylar – diýip, N.Zaýsew gürrüň berdi.

Çeper ýolbaşçynyň sözlerine görä, bu gezek topar «Uralyň rowaýaty» atly konsert bilen geldi. Ol Russiýanyň Ural sebitiniň baý däp-dessurlaryny we özboluşly mirasyny şöhlelendirýär.

Aşgabada hor we tans toparlary geldi. Konsert liriki we watançylyk aýdymlaryny, degişme sahnalary, degişmeli wariasiýalary, Ural çastuşkalaryny, şeýle hem şowhunly kadril we halk tanslaryny öz içine aldy.

– Tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryndan konsertiň hakykatdanam halklarymyzyň jebisleşmeklerine, dostlugymyzyň hereketlendirijisine öwrülendigi aýdyň boldy, ozal hem şeýledi. Bu bolsa häzirki wagtda aýratyn wajypdyr – diýip, Nikolaý Zaýsew sözüni jemledi.

Ýekaterinburgly toparyň Aşgabada sapary Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrligi tarapyndan goldanylýan rus dili we medeniýetini wagyz etmek boýunça taslamanyň çäklerinde guraldy. 1943-nji ýylda döredilen Ural hory Russiýanyň iň köne we iň abraýly aýdym-tans toparlarynyň biri bolmagynda galýar.