Ï «Ahal» futbol topary kümüş medal ugrundaky bäsleşikde möhüm ýeňşini gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» futbol topary kümüş medal ugrundaky bäsleşikde möhüm ýeňşini gazandy

view-icon 367
«Ahal» futbol topary kümüş medal ugrundaky bäsleşikde möhüm ýeňşini gazandy

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medallary ugrundaky bäsleşikde «Ahal» futbol topary möhüm ýeňiş gazanyp, 26-njy tapgyryň jemleýji duşuşygynda Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Duşuşyk paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirildi.

Milli birinjiligiň häzirki tapgyrynda iki topar hem medallar ugrunda bäsleşýär: «Ahal» kümüşe, «Şagadam» bolsa bürünç medal ugrunda jan edýär.

Soňky 10 günüň dowamynda bäsdeşler iki gezek duşuşmaga ýetişdiler. 21-nji noýabrda 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň birinji ýarym final duşuşygynda «Şagadam» topary öz meýdançasynda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Bäş günden soň bolsa Türkmenistanyň çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň yza süýşürilen duşuşygynda «Ahal» topary myhmançylykda 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Bu gezekki duşuşyk hem dartgynly boldy. Onuň ykbaly esasy oýun wagtynyň tamamlanmagyna golaý, meýdança eýeleriniň oýunçysy Gurban Annaýewiň 84-nji minutda tora salan ýeke-täk goly bilen çözüldi.

Bu ýeňişden soň «Ahal» futbol topary 46 utuk bilen ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna çykdy we yzyna düşüp gelýän «Altyn asyr» topardan 2 utuk öňe saýlandy. «Şagadam» topary bolsa 40 utuk bilen dördünji orunda galdy. Şol bir wagtyň özünde, deňizýakalylaryň 2 oýun artyk geçirendigi olaryň bürünç medala bolan mümkinçiliklerini peseldýär.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony diýen ady üçünji gezek möhletinden öň «Arkadag» futbol topary eýeledi.