Daşary ýurt sahna eserleriniň hepdeliginiň ilkinji gününde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Durna ýelegi» atly ýapon halk ertekisi esasynda sahnalaşdyrylan spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy. Ähli halk ertekileri – türkmen, arap, rus ýa amerikan – ýagşylyga çagyryş mahsusdyr. «Durna ýelegi» atly ýapon ertekisi-de munuň bir subutnamasydyr.
Spektakl bir gojanyň tokaýda tora düşen bir durnany halas etmegi bilen başlanýar. Durna halasgäriniň ýagşylygyna ýagşylyk bilen jogap bermek kararyna gelýär. Ol bir gyza öwrülip, ony öýünde ýaşatmagyny gojadan haýyş edýär, ýöne bir şert bilen – ol işleýärkä, hiç kim onuň otagyna girmeli däl. Goja bilen kempir şeýle bir garyp ýaşaýan ekenler welin, hatda salgyt tölemäge-de gurplary çatmaýan eken, ýöne Dürdäne-aý atly gyz olara görlüp-eşidilmedik owadan bir mata dokap berýär. Gojadyr kempir diňe bir salgytlaryny tölemek bilen çäklenmän, eýsem «gara gün» üçin hem az-kem pul süýşürip goýýarlar. Emma, garrylara şol matadan ýene sargan salgyt ýygnaýjylaryň açgözlügi olary Dürdäne-aýyň otagyna göz aýlamaga iterýär. Matany öz ýeleginden dokaýan gyzyň syry açylýar-da, ol durna öwrülip, garrylaryň öýüni terk edýär.

«Durna ýelegi» ertekisini türkmen tomaşaçylary üçin Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow sahnalaşdyrdy. Spektaklyň iň uly üstünligi ertekiniň ýapon usulynda görkezilmegi boldy. Muňa Derkar Jelilow bilen Eziz Saparowyň saz bezegi, şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Maksat Amangylyjow bilen Güljemal Saparowanyň ýerine ýetiren sahna bezegi we taýýarlan lybaslary ýardam etdi.

Emma iň esasysy zat aktýorlaryň spektakly ýerine ýetirişleri boldy. Kakajan Aşyrowyň ýolbaşçylygynda pes oýnamagyň mümkin däldigi hemmä mälim, şonuň üçin aktýorlaryň hemmesi-de ýokary derejede çykyş etdi. Ýöne welin, goja Ýamomotanyň keşbini janlandyran Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Durdyýew hemmeden ökde boldy. Aktýor bu keşbe şeýle bir yhlasly girdi welin, onuň özi hut ýapon ýalydy.

Ogulgöwher Muhammedowanyň ýerine ýetirmeginde keşbi janlanan Dürdäne-aý tomaşaçylary asmany gözelligi bilen haýrana goýdy. Ertekiniň gussaly tamamlanmagyna garamazdan, bu spektakl tomaşaçylaryň kalbynda ýakymly duýgulary galdyrdy. Bu üstünlikde Baş teatryň tutuş döredijilik toparynyň uly zähmeti bar.
– Biz daşary ýurt sahna eserleriniň hepdeliginde görkezmek üçin, şu ýapon ertekisini saýlap aldyk – diýip, režissýor Kakajan Aşyrow aýdýar, – sebäbi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi dürli halklaryň medeniýetine düşünmegiň we sarpa goýmagyň esasydyr. Ýaponiýanyň gadymy we baý medeniýeti-de türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary ýaly gymmatlyklary özünde jemleýär.