Türkmenistanyñ Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň hem-de Awtomobil sport federasiýasynyň toparlaryndan ybarat T2 synpynda 12 ekipaž ýeňil ulaglaryň arasynda ralli-reýd ýaryşy geçirildi. Ýaryşlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Garagum sährasynyň ugry boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe we Bäherden etraplarynyň çäginden geçýän ýolunyň umumy uzynlygy 206 kilometre barabardyr.
2 sagat 21 minut 36 sekunt netije görkezen Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň ekipažy – pilot Maksatmyrat Daňatarow we şturman Didar Orazmedow ýaryşyň ýeňijileri boldular.
Ikinji orny 2 sagat 39 minut 48 sekunt netije bilen Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň wekilleri – pilot Merdan Toýlyýew we şturman Akmuhammet Toýlyýew eýelediler.
2 sagat 43 minut 27 sekunt netije bilen pilot hökmünde IIM-niň türgeni Süleýman Annamämmedow hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň wekili Rafael Gaýnullin şturman hökmünde çykyş edip, üçünji orna mynasyp boldular.