Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy waka ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyny we onuň ählumumy howpsuzlygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen yzygiderli strategiýasynyň durmuşa geçirilişini şöhlelendirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň dokuz bölümden ybarat täze eseri türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti barada jemgyýetçiligiň düşünjesini giňeltmäge gönükdirilendir. Onda türkmen Bitaraplygynyň kemala gelmeginiň tapgyrlaryna we ýurdumyzyň bu hukuk derejesiniň ähmiýetine aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 30 ýylyň içinde özboluşly üstünliklere eýe boldy we sebit hem-de ählumumy durnuklylygy üpjün etmegiň ähmiýetli guralyna öwrüldi.

Kitabyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: taryhy resminamalar, gutlaglar, çykyşlar» atly jemleýji bölüminde ýurdumyzyň Bitaraplyk ýyllary içinde ýola goýan gatnaşyklaryna, hormatly Prezidentimiziň halkara forumlarda eden çykyşlaryna we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda baglaşylan halkara ylalaşyklara möhüm orun berilipdir.
Kitap ýokary çaphana derejesinde neşir edilip, üç dilde – türkmen, iňlis we rus dillerinde giň halk köpçüligine ýetirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň neşir edilmegi bu şanly senäniň öňýanynda türkmen halky üçin ajaýyp sowgat boldy.