Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew mähirli salamlaşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň oňyn bitaraplyga esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berdi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.
Şeýle hem Prezident Ilham Aliýew Bitaraplyk toýunyň öňüsyrasynda Awazada geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyna Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň gatnaşandygyny we forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini belledi hem-de iki gaznanyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga berýän goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň ähli tapgyrlarynda Azerbaýjan Respublikasynyň möhüm orun eýeländigini aýratyn nygtady.
– Azerbaýjan bu prosesde bize ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde yzygiderli goldaw berdi. Biz hemişe azerbaýjan halkynyň doganlyk goldawyny, Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet bolmaga ymtylmasynda raýdaşlygyny duýduk, şoňa görä-de, men bu baýramy biziň umumy baýramymyz we umumy üstünligimiz hasaplaýaryn – diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjanyň wekiliýetiniň Awazada geçirilen halkara maslahata gatnaşmagy ýurtlarymyzyň dürli ulgamlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen birlikde, Azerbaýjanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bu forumyň üstünlikli geçirilmegine möhüm goşant boldy. Wekiliýetiň ýolbaşçysynyň çuň manyly çykyşy bolsa maslahata gatnaşyjylaryň goldawyna we ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadowyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmagynyň ýurdumyza we türkmen halkyna bildirilýän belent hormatyň, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, parahatçylygy, durnuklylygy we ynanyşmagy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlylygyň nyşany hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.
Prezident Ilham Aliýew azerbaýjan-türkmen dostluk gatnaşyklarynyň gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny aýtdy we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bu gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandyny aýratyn belledi.
Şeýle hem dostlukly ýurduň döwlet Baştutany iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de öz oňyn netijesini berjekdigine ynam bildirip, Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga hemişe taýýardygyny tassyklady.
Gahryman Arkadagymyz halkymyzda: «Toý bilen ýas bile gelermiş» diýen jümläniň bardygyny aýdyp, ertir azerbaýjan halkynyň öz umumymilli liderini hem-de häzirki Azerbaýjan döwletiniň esaslandyryjysy Geýdar Aliýewi hatyralaýandygyny belledi.
– Siziň kakaňyz görnükli syýasatçy we halkara derejesindäki döwlet işgäri bolupdy. Ol türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin köp işleri bitirdi, şoňa görä-de, Geýdar Aliýewiň ady Türkmenistanda uly hormat bilen ýatlanylýar. Men onuň ýagty ýadygärligini hatyralaýaryn hem-de Türkmenistan bilen dostlugy pugtalandyrmak boýunça bitiren işleri üçin Geýdar Aliýewiň adynyň ýurdumyzda unudylmajakdygyny azerbaýjan halkyna ýetirmegiňizi haýyş edýärin – diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.