Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.
Işewür duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi hem-de ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimizi şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutlady.
Şeýle hem işewür hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmagynyň hem-de saparyň çäklerinde geçiren ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Halkara forumyna gatnaşmaga gelendigi üçin işewüre minnetdarlyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunda ýapon kompaniýalaryna uly orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, täze senagat toplumlaryny döretmek, energetika we himiýa pudaklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasy bilen gaz we himiýa senagatynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda oňyn tejribäniň toplanylandygyny belledi hem-de Türkmenistanyň himiýa senagatynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, täze önümleri öndürmek, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny beýan etdi.
Işewür bildirilýän ynam we netijeli iş alyp barmaga döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşant goşmagyň özleri üçin uly buýsançdygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.