Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde daşary ýurtlaryň raýatlaryna we Türkmenistanyň hormatly ýaşulularyna «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen dabara Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen ýurdumyzda guralýan halkara çäreleriň köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezdi.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, daşary ýurt raýatlaryny we ýurdumyzyň hormatly ýaşulularyny sylaglamak dabarasy täsirli pursatlara beslendi.
Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo sylaglanyldy. Ol ýokary sylag üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze ýubileý medalyny we degişli nyşany hormat bilen kabul edip, bu baýramçylygyň öz durmuşynda ýatda galyjy waka öwrülendigini nygtady. Türkiýäniň ýurdumyz bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýän “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medalynyň we degişli nyşanyň gowşurylmagynyň özi üçin aýratyn hormatdygyny belledi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň Fýurstenfeldbruk ylmy-gözleg klinikasynyň umumy we wisseral hirurgiýa klinikasynyň baş lukmany Şpelsberg Fritz Wilhelm Wolfgang sylaglary özüne bildirilen hormat hökmünde kabul edýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallygyny beýan etdi.
“Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medalyna we degişli nyşana mynasyp bolan daşary ýurt raýatlary taryhy ähmiýetli halkara çärelere gatnaşmaga iberilen çakylyk we özlerine bildirilen ýokary hormat üçin hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize sagbolsun aýtdylar. Myhmanlar ähli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler. Olar halkara forumlary guramaçylykly geçirmek boýunça oňyn tejribe toplan Türkmenistanyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygyny aýratyn nygtadylar.
Soňra çäre ýurdumyzyň hormatly ýaşulularyna “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurmak dabarasy bilen dowam etdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy dürli ugurlary öz içine alýar. Şunda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm ugry emele getirýändigini bellemek gerek. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzalary hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän ýaşulular “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny ýüzüne sylyp kabul edip, bildirilen hormat üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygy beýan etdiler.
Ýokary döwlet sylagyny uly buýsanç bilen kabul edenler hormatly Prezidentimizi, Milli Liderimizi we ähli türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar.
Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medalyna we degişli nyşana mynasyp bolan raýatlary ýokary döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene bilen gutlady.