Ikinji möhüm milli topar kubogyny – futbol boýunça 2025-nji ýylyň Türkmenistanyñ Kubogy ugrunda şu gün «Arkadag» bilen «Ahal» toparlary jemleýji tapgyrda duşuşarlar.
Ilkinji ýarym final duşuşygynda «Arkadag» topary «Aşgabat» toparyndan iki gezek üstün çykdy: ilkinji myhmançylykdaky duşuşygynda 3:1 hasabynda, jogap hökmünde öz meýdançasyndaky duşuşykda bolsa 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Ikinji duşuşykda ýeňijileriň düzüminde Didar Durdyýew (21-nji we 86-njy minutlarda) iki goly bilen tapawutlandy, şeýle hem Ahmed Ataýew (45+1 minutda) we Didargylyç Orazow (88-nji minutda) hersi bir goldan geçirdi. Utulan toparyň ýeke-täk goluny Mergen Nurlyýew 37-nji minutda geçirdi.
Beýleki ýarym final duşuşygynda «Ahal» topary iki duşuşygyň jemine görä «Şagadam» toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi. Ilkinji duşuşyk Türkmenbaşy şäherinde geçirildi, onda Hazar deňziniň kenaryndaky topar 86-njy minutda 2:1 hasaby bilen ýeňiş gazandy. Jogap duşuşygynda bolsa «Ahal» topary Bagtyýar Gürgenowyň (35-nji minutda) we Akmämet Metdaýewiň (49-njy minutda) takyk urgularynyň netijesinde 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.
«Ahal» topary üçin Türkmenistanyň Kubogynyň öňümizdäki jemleýji tapgyry ýaryşyň taryhynda eýýäm dokuzynjy bolar. Ozal «Ahal» topary bu kubogy dört gezek gazandy we şol dört ýeňşiň hemmesinde «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparyny dürli tälimçiler ýeňşe ýetirdi. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ali Gurbaniniñ ýolbaşçylygynda bu toparyň futbolçylary esasy duşuşykda «Altyn asyr» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. 2014-nji ýylda bolsa olar baş tälimçi Guwançmuhammet Öwekowyň ýolbaşçylygynda bu üstünligi gaýtalap, jemleýji duşuşygynda «Balkan» toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy.
Üçünji gezek «Ahal» topary Türkmenistanyň Kubogyny 2017-nji ýylda gazandy. Baş tälimçi Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygynda olar «Şagadam» toparyny 4:0 hasaby bilen utup ýeňiş gazandy. 2022-nji ýylda hem şol toparlar jemleýji tapgyrda ýene-de duşuşdylar, bu gezek «Ahal» 5:0 hasaby bilen ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň Kubogynda dördünji ýeňşe bu topary baş tälimçi Mergen Orazow alyp bardy.
2023-nji ýylyň aprelinde döredilen, döwlet ähmiýetli şol bir atly şähere wekilçilik edýän «Arkadag» futbol topary üçin bu yzygiderli üçünji jemleýji duşuşyk bolar. Öňki iki duşuşykda bu topar «Ahal» toparyny 3:0 we 1:0 hasaplary bilen ýeňdi.
Şu ýyl «Arkadag» topary bilen «Ahal» topary öz aralarynda eýýäm bäş gezek duşuşdylar. Ähli bäş duşuşykda «Arkadag» topary ýeňiş gazandy: Türkmenistanyň çempionatynyň çäklerinde – 3:1, 3:0, 4:1, 1:0 we Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky bäsleşikde – 3:0.
Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky jemleýji duşuşygy taryhda ikinji gezek Arkadag şäherinde geçiriler.
Duşuşygyň baş emini Arkadag şäherinden Berdimämmet Atdyýew we kömekçi eminleri Daşoguz şäherinden Yhlas Kurambaýew we Aşgabat şäherinden Ýusup Jumamyradow bellenildi. Ätiýaçdaky emin –Eziz Ýazmyradow (Aşgabat). Eminler toparynyñ işine synçy hökmünde gözegçi emin Begenç Allaberdiýew (Aşgabat) baha berer. Duşuşygyň komissarynyň wezipesini Ýeniş Nazzyýew (Mary) ýerine ýetirer.