«Dokma» söwda meýdançasy ýurdumyzyň öňdebaryjy öndürijileriniň dokma önümleriniň giň görnüşlerini hödürleýär.
Giň gerimli onlaýn-sanaw görnüşinde döredilen web-saýt alyjylara erkekleriň, zenanlaryň we çagalaryň eşiklerini, şeýle hem aýakgaplary we beýleki önümleri hödürleýär. Onuň önümleriniň hatarynda «Bedew», «Nusaý», «Goza», «Gala», «Mäne», «Jeýtun», «Bürgüt», «Ýeňiş» ýaly meşhur öndürijileriň önümleri, şeýle-de ýurdumyzyň iri kärhanalarynyň «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt belgisi astynda çykarylýan harytlary bar.
Saýtyň interfeýsi düşnükli bolup, islendik enjamda ulanmak üçin doly uýgunlaşdyrylandyr. Oýlanyşykly nawigasiýa we sahypalaryň çalt ýüklenmegi zerur harytlary aňsatlyk bilen tapmaga hem-de onlaýn tertipde söwda etmäge mümkinçilik berýär. Saýlap almakda amatly bolmagy üçin katalogda ýakyndan görkezmek maksady bilen jikme-jik suratlar ýerleşdirildi, harytlaryň her bir beýany bolsa zatlar, ölçegler we esasy häsiýetler baradaky maglumatlary öz içine alýar. Indi täze köýnekleri, jalbarlary ýa-da beýleki önümleri gönüden-göni öýüňizden ýa-da iş ýeriňizden çykmazdan satyn alyp bilersiňiz.
Eşiklerden başga-da, harytlaryň hatarynda ýokary hilli düşek esbaplary, süpürgiçler we hammam halatlary bar. Sanawdaky maglumatlar yzygiderli täzelenip durýar. Sarp edijiler sargytlary bary-ýogy birnäçe minudyň dowamynda resmileşdirip bilerler. Aşgabat şäheri boýunça eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar, şeýle hem harytlary ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ibermek mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr.
«Dokma» onlaýn söwda meýdançasynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň dokma toplumyny sanlylaşdyrmagyň möhüm tapgyrydyr. Halkara tejribä we döwrebap tehnologiýalara daýanyp, pudagyň kärhanalary göni onlaýn-söwda görnüşine geçýärler. Bu bolsa alyjylar üçin täze mümkinçilikleri döredýär we ýurdumyzyň ýokary hilli önümlerini has-da elýeterli edýär.