Köptaraply sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimler
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm daşary syýasy wakalaryna bagyşlanan synymyzy dowam edip, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklar bilen bir hatarda, abraýly halkara we sebit düzümleriniň, beýleki köptaraply meýdançalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk meselelerinde-de işjeň orun eýeleýändigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz dürli formatlarda hyzmatdaşlygy ösdürip, onuň gerimini giňeltmek bilen, anyk başlangyçlary öňe sürýär.
Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy ýene bir şanly sene — BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşdy. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi türkmen Bitaraplygynyň özara hormat goýmagy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy goldamagyň netijeli guraly hökmünde uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarly bolup, onuň möhüm maksatlaryna ýetmek üçin bilelikde işlemäge taýýardygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda öz işine başlan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyz ýubileý sessiýanyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri amala aşyrmaga taýýardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň birnäçe anyk başlangyçlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýär hem-de halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş etmegini dowam etdirer. Arkadagly Gahryman Serdarymyz 30 ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Baş Assambleýanyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany biragyzdan kabul edendigini aýratyn nygtady. Ol ýurdumyz üçin ykbal özgerdiji taryhy wakadyr. Türkmenistan özüne bildirilen ynamy hemişe ýatda saklar we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna pugta eýerer.
21 — 24-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherine iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretary we birnäçe döwletleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.
Häzirki zaman şertlerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýaly hyzmatdaşlyk formaty aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi sebitiň diňe bir yklymda däl, eýsem, dünýä ähmiýetli işlerde-de ornunyň barha artýandygy bilen şertlendirilendir. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iň ýokary derejede ulgamlaýyn syýasy dialogyň ähmiýetine ünsi çekip, sebitleýin hyzmatdaşlyga düýpgöter täzeçe çemeleşmek pikirini öňe sürüpdi. Geçen ýyllarda guralan bäştaraplaýyn duşuşyklar bu başlangyjyň netijelidigini we zerurdygyny subut etdi. Şundan ugur alyp, Türkmenistan döwletara hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň 16-17-nji noýabrda Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsi boldy.
Döwlet Baştutanymyz sammitde eden çykyşynda sebit derejesinde, şeýle-de halkara meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň sebitiň ähli döwletleriniň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegini talap edýändigine ünsi çekip, köpşahaly ulag düzümlerini kemala getirmegi, energetika pudagyny, şol sanda elektroenergetika we söwda ulgamlaryny, senagat we tehnologik kooperasiýany, suw, ekologiýa ugurlaryny hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki kärhanalary döretmäge işewür toparlaryň has işjeň gatnaşdyrylmagyny, serhetýaka we sebit söwdasynyň giňeldilmegini goldady. Şunuň bilen bir hatarda, däp bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga ýardam bermegiň we çuňlaşdyrmagyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Ýurdumyz 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk eder. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, başlyklygy kabul etmek bilen, Türkmenistan agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitiň daşarky maýa goýumlara özüne çekijiligini artdyrmak we dürli ulgamlarda iri halkara taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary eder. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylda döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynyň täzeçil formatda — “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” görnüşinde geçiriljekdigi bellärliklidir. Bu formata Azerbaýjan Respublikasynyň goşulmagy hakyndaky başlangyç 2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmäge bagyşlanyp geçirilen çärede Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi.
22-nji awgustda Awazada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň iki goňşy döwletiň Baştutanlary bilen özara duşuşyklaryna utgaşan gepleşikleriň gün tertibi döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine aldy. Şunda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigi hakynda bitewi garaýyş beýan edildi.
Netijeli sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edýän Türkmenistan goňşy ýurtlar we dünýäniň beýleki sebitlerinde ýerleşýän döwletler bilen “Merkezi Aziýa +” formatynda özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Bu köptaraply dialog soňky ýyllarda täze many-mazmun bilen baýlaşdy. Ýurdumyz bu formatda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylda geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi”, “Merkezi Aziýa — Italiýa”, “Merkezi Aziýa — Hytaý”, “Merkezi Aziýa — Russiýa”, “Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary” we “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” sammitlerine gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Ýokary derejeli duşuşyklarda eden çykyşynda döwlet Baştutanymyz syýasy-diplomatik ulgamy, howpsuzlygy üpjün etmegi, ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, energetika, ulag, kommunikasiýa, logistika, senagat, oba hojalygy ýaly ulgamlary, hususy pudagy, tehnologiýalary we innowasiýalary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda bilim, ylym, medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny işjeňleşdirmegi, degişli ugurda dürli çäreleri geçirmegi goldaýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ekologiýa, daşky gurşawy goramak, suw ulgamlaryna degişli gün tertibiniň, “ýaşyl” geçişiň, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meselelerine ünsi çekdi. Bu meseleler 2025-nji ýylyň aprel aýynyň başynda Samarkant şäherinde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitiniň çäklerinde geçirilen “Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik” atly halkara forumda edilen çykyşda hem öz beýanyny tapdy.
Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň we başlangyçly orun eýeleýär. Ýurdumyz GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň çäklerinde geçirilýän möhüm duşuşyklara we çärelere yzygiderli gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz 10-njy oktýabrda Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Bu ýerde “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammiti hem geçirildi. Nobatdaky mejlisde eden çykyşynda döwlet Baştutanymyz Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekip, daşary syýasy dialogyň pugtalandyrylmagyny, ykdysady, söwda, ynsanperwer hem-de beýleki ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini goldaýandygyny mälim etdi.
GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş Strategiýasynyň doly derejede durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtan hormatly Prezidentimiz ulag-logistika, energetika we innowasiýa düzümlerini, senagat we tehnologiýa zynjyrlarynyň döredilmegini, bilelikdäki önümçilik taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny, Arkalaşygyň çäklerinde ylmy-tehniki ugurda gatnaşyklara ýardam berilmegini hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň medeniýet, ylym-bilim, sport ulgamlarynda GDA ýurtlary bilen giň hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, şeýle gatnaşyklary goldamak boýunça teklipleri beýan etdi.
2026-njy ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk eder. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz bu möhüm wezipäniň ýerine ýetirilmegine jogapkärli çemeleşmek bilen, bar bolan mümkinçilikleri doly derejede ulanmak üçin GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga hemmetaraplaýyn ýardam bermegi özüniň esasy maksady hökmünde kesgitleýär. Munuň özi umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär.
21-22-nji dekabrda bolsa döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putiniň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilmegi däbe öwrülen GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.
Arkalaşygyň doganlyk ýurtlarynyň we halklarynyň taryhy, medeni, ruhy umumylyk bilen özara baglanyşýandyklaryny bellemek gerek. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy umumy taryhda unudylmajak sahypalaryň birini ýazdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwa şäherinde geçirilen dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy çuňňur mana eýedir. Döwlet Baştutanymyz 9-njy maýda geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin bu ýurda iş saparyny amala aşyrdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Týanszin şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmagy Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köptaraplaýyn meýdançalarda işjeň hyzmatdaşlyk edýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Ýurdumyzy hem-de ŞHG-niň ähli döwletlerini dostlukly we netijeli gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň köp ýyllardan bäri ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanmalaryň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiz “ŞHG+” sammitinde çykyş edip, bu guramanyň yklym we ählumumy proseslerdäki döredijilikli ornuny, häzirki zaman dünýä gurluşynyň adalatly, deňagramly ulgamyny döretmäge goşýan uly goşandyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ŞHG-niň halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklaryň, çylşyrymly meseleleri çözmegiň binýady hökmünde syýasy-diplomatik dialog üçin şertleri döretmek boýunça çemeleşmeleri oňyn düşünilmä we goldawa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna, Bitaraplygyna, halkara başlangyçlaryna hemişe oňyn garaýandygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz ykdysady ulgamy ýurdumyzyň we ŞHG-niň özara gatnaşyklarynyň kesgitleýji şerti hökmünde kesgitläp, ulag-logistikany, aragatnaşygy, energetikany, söwdany we önümçilik kooperasiýasyny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýurda saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly myhman hökmünde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmagy hem ýurdumyzyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerinde önjeýli hyzmatdaşlygyň meselelerinde başlangyçly orny eýeleýändigini tassyklady. Gahryman Arkadagymyzyň maý aýynda Kazan şäherine amala aşyran iş sapary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen däp bolan özara gatnaşyklary, umuman, strategik häsiýetli türkmen-rus hyzmatdaşlygyny, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri forumda çykyş edip, yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň dürli ulgamlarda iri taslamalaryň başyny başlamak, ählumumy ykdysady we maýa goýum giňişliginde eýeleýän ähmiýetli ornuny ýokarlandyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlyga çemeleşmesiniň, ilkinji nobatda, energetika, ulag-logistika we tehnologiýa ulgamlaryna daýanýandygyny aýdyp, degişli ugurlardaky tagallalary özara bähbitlilik esasynda utgaşdyrmak boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň garaýyşlarynyň hemişe parahatçylyk söýüjilige, deňhukuklylyga we ählumumy, sebit gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitleriniň hasaba alynmagyna esaslanýandygy nygtaldy.
Türki Döwletleriň Guramasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar hem işjeň häsiýete eýe bolýar. Türkmenistan 2021-nji ýyldan bäri bu guramada synçy derejesine eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Gabala şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny görkezdi. Gahryman Arkadagymyz gurama agza ýurtlar bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini nygtap, netijeli özara gatnaşyklary ösdürmäge, türki döwletleriň we halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen anyk teklipleri beýan etdi.
Sammit tamamlanandan soňra, gurama gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boldy.
2025-nji ýylda Türkmenistanyň birnäçe wekilçilikli forumlaryň geçirilen ýerine öwrülendigini bellemek gerek. Bu çäreler dünýä jemgyýetçiliginde giň seslenme döretdi. 19-njy martda paýtagtymyzda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat, awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guralyp, giň mowzuklaýyn çäreleriň toplumyny öz içine alan Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum şolaryň hataryndadyr. Şeýle-de 10-njy dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi. Agzalan forumlaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň daşary syýasy wakalary Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli strategiýanyň has-da dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolan Watanymyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine durnukly ösüşe, ynanyşmak dialogyna, netijeli hyzmatdaşlyga ýardam bermek bilen, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy goldamagyň möhüm şertine öwrülýär.