Ï Türkmenistanda 2026-njy ýyl medeni mirasyň we ganatly bedewleriň nyşany astynda geçer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda 2026-njy ýyl medeni mirasyň we ganatly bedewleriň nyşany astynda geçer

view-icon 319
Türkmenistanda 2026-njy ýyl medeni mirasyň we ganatly bedewleriň nyşany astynda geçer

Täze ýylyň Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň iş meýilnamalaryny tassyklady. Degişli düzümleriň işiniň esasy ugry ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilmegine hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmäge gönükdiriler.

Wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda bellenilişi ýaly, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk etmegiň üsti bilen ýurdumyzyň halkara abraýyny berkitmek işiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şu ýyl üçin Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin milli we köptaraplaýyn hödürnamalary taýýarlamak, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde giň gerimli dikeldiş we ylmy-barlag işlerini geçirmek, türkmen halkynyň maddy we maddy däl medeni mirasyny wagyz etmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, anyk ädimler bellenildi.

Şeýlelikde, muzeýlerde, kitaphanalarda we degişli okuw mekdeplerinde sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeler durmuşa geçiriler. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi döwrümiziň gazananlaryny açyp görkezýän täze kinofilmleri döretmäge girişer. Teatrlaryň işi döwrüň ruhuny şöhlelendirýän sahna eserlerini goýmaga gönükdiriler. Şeýle hem täze döredijilik bäsleşikleri yglan ediler.

Halkara syýahatçylygy ösdürmäge we ilata hödürlenýän medeni hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berler. Bu babatda edaralaryň maddy-tehniki binýadyny berkitmek we medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça çäreler meýilleşdirildi.