Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

view-icon 920
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol geçen ýylyň dowamynda “Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilen işler, Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak, Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak babatda geçirilen işleriň netijeleri barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçen ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barlandygyny, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak ugrunda degişli işleriň ýerine ýetirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek we ösdürmek, onuň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça, şeýle-de harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini has-da gowulandyrmak, olaryň hünär taýýarlygyny we bilimini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Watanymyzyň Garaşsyzlygyna 35 ýyl dolýandygyny göz öňünde tutup, bu baýrama hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Baş prokuror B.Muhamedow prokuratura edaralary tarapyndan 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly bu düzümiň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmak, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp baryldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimizde kanunlaryň ýerine ýetirilişine, hukuk namalarynyň kanunylygyna, hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagyna prokuror gözegçiliginiň amala aşyrylmagynyň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan 2025-nji ýylda ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň we ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda asudalygy, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýol gözegçilik gullugynyň işine öňdebaryjy tejribäni we sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy içeri işler edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmagyň wajyp ähmiýetini belläp, bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, kazyýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, kazyýet işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmegiň kazyýet edaralarynyň esasy wezipesi bolup durýandygyny belledi we bu wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz kazylaryň we kazyýet işgärleriniň hünär bilimini ýokarlandyrmagyň, bu ugurda öňdebaryjy tejribä esaslanmagyň, kazyýetleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, kazyýet işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy we Ýokary kazyýetiň başlygyna anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen bir hatarda, ilatyň hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak boýunça wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barmak babatda tabşyryklar berildi.

Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew 2025-nji ýylda ýurdumyzda parahatçylygy, asudalygy we jemgyýetçilik hukuk tertibini üpjün etmek hem-de düzümiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny, döwletimiziň ösüşini üpjün edýän milli bähbitleri goramagyň ministrligiň öňünde durýan möhüm wezipelerdigini aýtdy we bu işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu düzümiň edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, ministrligiň işgärleriniň hünär bilimini artdyrmak boýunça degişli işleri alyp barmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň başlygy Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ý.Nuryýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz bu wezipä I.Ilamanowy belläp, ony Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

I.Ilamanow harby kasama wepalylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize ygrarlylyk barada dabaraly kasam etdi.

Döwlet Baştutanymyz gullugyň täze wezipä bellenilen ýolbaşçysyna işinde üstünlik arzuw edip, öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi we ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, dost-doganlyk serhetlerimiziň goragyny üpjün etmegiň, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri, döwrebap tehnikalary ornaşdyrmagyň möhüm ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle-de raýatlaryň hukuklary we borçlary barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ilata degişli hukuk kömegini bermek babatda alnyp barlan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, taýýarlanylýan hukuk namalarynyň taslamalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we hereket edýän kanunlara laýyk gelmegini üpjün etmegiň, ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny artdyrmak boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmegiň, bir bitewi elektron maglumatlar ulgamyny döretmek ugrunda degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen ýyl bu düzümiň işine täze tehnologiýalary hem-de üstaşyr geçýän ýüklere gözegçiligi amala aşyrmakda häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagyň netijeleri, gullugyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük gözegçiliginiň has-da ygtybarly bolmagyny gazanmak maksady bilen, ýurdumyzyň gümrük nokatlarynda döwrebap enjamlaryň, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň, gümrük nokatlarynyň geçirijilik kuwwatyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokarlandyrmagyň we işgärleriň hünär bilimini artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy we bu ugurda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow 2025-nji ýylda ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, gullugyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gullugyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, kämil maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, bu düzümiň işgärleriniň bilim derejesini ýokarlandyrmakda yzygiderli okuwlary guramagyň, migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly bellenilip geçilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ata Watanymyza wepaly gulluk edip, onuň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny ygtybarly goramagyň, kanunçylygy üpjün etmegiň, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerini goramagyň Watan goragçylarynyň mukaddes borjudygyny belläp, olaryň bu borjy ak ýürekden, yhlas bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi hem-de mejlise gatnaşyjylary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby gullukçylaryny, işgärlerini ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini üpjün etmäge goşan şahsy goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny, işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek barada karara gelendigini aýdyp, degişli Permanlara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.