Ï FIFA-nyň bilermenleri Türkmenistanda futbolyň ösüş mümkinçiligine ýokary baha berdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

FIFA-nyň bilermenleri Türkmenistanda futbolyň ösüş mümkinçiligine ýokary baha berdiler

view-icon 328
FIFA-nyň bilermenleri Türkmenistanda futbolyň ösüş mümkinçiligine ýokary baha berdiler

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) höwesjeň futbol boýunça hünärmeni Gaioz Darsadze (Gruziýa Respublikasy) hem-de FIFA-nyň hünärmeni Raimondas Statkewiçius (Litwa Respublikasy) Türkmenistana iş sapary bilen geldiler. Olaryň saparynyň maksady Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) hünärmenleri üçin okuw maslahatlaryny geçirmek hem-de höwesjeň futbol gurşawynyň ýagdaýyny seljermek we ony has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr.

«Ýyldyz» myhmanhanasynda höwesjeň futboly ösdürmegiň häzirki ýagdaýyna bagyşlanyp geçirilen duşuşykda FIFA-nyň höwesjeň futbol boýunça hünärmeni Gaioz Darsadze «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysyna Türkmenistanda alyp baran işiniň täsirleri we FIFA-nyň bütindünýä başlangyçlary barada gürrüň berdi.

Bilermenleriň sözlerine görä, FIFA 185 ýurtda höwesjeň futbolyň ýagdaýyny giňişleýin öwrenipdir. Şonda Türkmenistan sporta işjeň döwlet goldawy netijesinde iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak üçin iň amatly meýdançalaryň biri bolup çykypdyr.

«Türkmenistanda federasiýanyň eýýäm möhüm ädimler ädendigini görýäris. Biziň maslahatymyz ýönekeý: uzak möhletde futbol giňişligini gowulandyrmak üçin höwesjeňler pudagynda güýçli ýerlik döretmeli» diýip, Gaioz Darsadze belledi.

Hünärmen Gaioz Darsadze esasy ösüş guraly hökmünde «Mekdeplerde – futbol» maksatnamasyny kesgitledi. Bu diňe bir toparlar we milli ýygyndy topar üçin ýaş türgenleri taýýarlaýan diňe bir ýerlik bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürýän möhüm ugurlarynyň biridir.

FIFA-nyň «Zehinleri ösdürmek meýilnamasy» maksatnamasyna aýratyn üns berýär. Häzirki döwürde zehinli türgenleri anyklamak üçin, TFF-iň tehniki bölümi bilen bilelikde iş alnyp barylýar. Şu babatda 2027-nji ýylda giňeldilen «Mekdepler üçin futbol» maksatnamasynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär.

Darsadze geljekki ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklady. Bularyň arasynda bilim, tälimçiler we tehniki ýolbaşçylar üçin giňişleýin taýýarlyk okuwy, şeýle hem zenanlar we ýaşlar futbolynyň ösdürilmegini öz içine almaklyk-da bar.

Gaioz Darsadze «Arkadag» futbol toparynyň üstünliklerini aýratyn bellemek bilen, özüni toparyň wepaly janköýeri we dosty diýip atlandyrdy. Ol milli we halkara sport hereketiniň ösüşine, şeýle hem Türkmenistanyň futbol infrastrukturasynyň hil taýdan kämilleşdirilmegine goşan uly goşandy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Söhbetdeşligi tamamlap, hünärmen Gaioz Darsadze «Arkadag» futbol toparyna Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparyna garşy geçiriljek AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşygynda üstünlik arzuw etdi.