Ï Ýylyň şygary – sungat işgärleriniň senasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýylyň şygary – sungat işgärleriniň senasy

view-icon 386
Ýylyň şygary – sungat işgärleriniň senasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz ady bilen gelýän sahawatly ýyllar halkymyzyň nurly dünýäsine öwrülýär. Her ýylyň şygarynyň ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň çuňňur mazmuny bilen sazlaşmagy, bu şygar esasynda il-ýurt bähbitli beýik tutumlaryň ençemesiniň amala aşyrylmagy berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, eziz halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, ata Watanymyzyň şan-şöhratynyň dünýä dolmagyna ýardam edýär.

Ýurdumyzda adat bolup giden däbe görä döwletli-döwran bolup Diýarymyza dolan 2026-njy ýylyň hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi hem şu ýylyň dowamynda amala aşyryljak tutumly işler bilen baglydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýylyň şygarynyň mazmunyny, onuň bilen baglanyşykly amala aşyryljak işleri wagyz etmek boýunça ýurdumyzyň dürli künjeginde dürli çärelere giň gerim berilýär.

Şeýle tutumlaryň biri – «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi hem öz içine alýan dabaraly maslahat Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de kitaphanasynyň guramaklarynda «Ak ýollar uzaýar geljege bakan, öňe, diňe öňe, jan Türkmenistan!» ady bilen geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýatyň tanymal medeniýet we sungat, şeýle hem döredijilik işgärleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu dabaraly maslahatyň dowamynda guralan çärä gatnaşyjylar tarapyndan täze ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy, bu şygaryň çuňňur mazmuny, şygar esasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýylyň dowamynda alyp barmaly wajyp işleri barada giňişleýin söhbet edildi.

Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bähbidine gönükdirilen öňdengörüjilikli ylmy taglymatyndan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýan okgunly ösüşlerimiz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha pugtalandyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, şonuň bilen birlikde, şöhratly taryhymyza tap berýän milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek, gorap saklamak we nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde öz beýanyny tapýar.

«Ýurdumyzda amala aşyrylýan bu özgertmeleriň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ýörelgesiniň mazmunyny öz içine alýan 2026-njy ýylyň şygarynda şu ýyl 35 ýyllyk şanly baýramy dabaraly ýagdaýda ýokary ruhubelentlige beslenip belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, parahat durmuşymyzyň, ynsanperwer içeri we daşary syýasatymyzyň özenini kesgitleýän hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň, milli mirasymyzyň iň naýbaşylarynyň biri bolan türkmen bedewiniň nurana keşbi, tizligi bilen deňeşdirilýän okgunly ösüşlerimiziň orun almagy bu şygary mukaddeslige öwürýär» – diýlip, çykyşlarda nygtalyp bellenildi.

Dabaraly maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda ýylyň şygary bilen bagly medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň öňünde durýan wezipeler, olary amal etmek üçin edilmeli işler barada nygtalyp aýdylyp geçildi. Şeýle hem bu ýerde döredijilik işgärleri täze ýylyň şygary we şany dünýä dolan ahalteke bedewlerimiz barada ýazan täze goşgularyny okadylar. Ýokary watançylyk duýgusyna beslenip geçen tutumly çäre welaýatyň belli sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.