Ï Daşoguzda dessançy bagşylaryň umumymilli festiwaly geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzda dessançy bagşylaryň umumymilli festiwaly geçiriler

view-icon 332
Daşoguzda dessançy bagşylaryň umumymilli festiwaly geçiriler

Daşoguz welaýaty giň gerimli döredijilik festiwalyny we ylmy-amaly maslahatyny geçirmäge taýýarlanýar. Şu ýylyň mart aýynda bu ýerde şahyrana at bilen – «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwal geçiriler.

Çärä taýýarlyk işleri sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde wise-premýer B.Seýidowa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa festiwalyň maksatnamasyny hödürledi.

Medeni çäre ýurduň dürli künjeklerinden milli saz mirasynyň wekillerini bir ýere jemlär. Festiwala dessançy bagşylar, sazandalar, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, okuwçylary gatnaşarlar.

Bu döredijilik çäresi diňe bir saz baýramy bilen çäklenmän, baý we köptaraply maksatnama bilen tapawutlanar. Festiwalyň çäginde ýaş sazandalar üçin belli ussatlaryň ýolbaşçylygynda ussatlyk sapaklary, dessan ýerine ýetirijilik sungatyna bagyşlanan «Dessançy bagşylar joşa gelende» atly ylmy-amaly maslahat, Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda beýan edilen görnükli ýerine ýetirijileriň hatyrasyna döredijilik duşuşygy hem-de «Bagşy dessan aýdanda» atly konsert geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow şeýle festiwalyň halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamakda möhüm orny eýeleýändigini nygtap, meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini tabşyrdy.