Ï Türkmenistan gyzykly futbol baýramyna taýýarlyk görýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan gyzykly futbol baýramyna taýýarlyk görýär

view-icon 124
Türkmenistan gyzykly futbol baýramyna taýýarlyk görýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine bardy. Saparyň esasy maksady ýurdumyzyň Olimpiýa stadionynda AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň taryhy duşuşygyna görülýän taýýarlyk işlerini gözden geçirmekden ybarat boldy.

Watanymyzyň «Arkadag» futbol topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» toparynyň arasynda geçiriljek gyzykly bäsleşik üns merkezinde durýar. Bu ähmiýetli sport wakasyna 10 günden hem az wagt galdy we taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

Gahryman Arkadagymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklary berip, esasan hem birnäçe ugurlara aýratyn ünsi çekdi. Olaryň hatarynda duşuşyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde dünýä standartlaryna laýyk gelýän derejede beýan edilmegi, daşary ýurtly žurnalistleriň işlemegi üçin has oňaýly şertleriň döredilmegi, şeýle hem janköýerleri we paýtagtymyzyň myhmanlaryny çekmek üçin degişli derejede mahabat çäreleriniň guralmagy bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde duran oýnuň, ilkinji nobatda, bütin ýurdumyz üçin uly baýramdygyny nygtady. Türkmen toparyndan ýokary sport netijelerine garaşylýandygyna garamazdan, Gahryman Arkadagymyz oýnuň netijesine pelsepewi nukdaýnazardan çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, ýeňiş uly üstünlik bolar, deňme-deňlik bolsa tötänlikdir, eger türgenlerimiz utulsalar-da, bu duşuşyk täze sepgitlere ýetmek üçin itergi hem-de halkymyz üçin şanly waka bolar.

Gahryman Arkadagymyz türkmen futbolçylarynyň mynasyp, ak ýürekli we owadan oýun görkezip, janköýerlere ýatdan çykmajak pursatlary sowgat etjekdiklerine ynam bildirdi.