Ï Gahryman Arkadagymyz: – «Arkadag» topary bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparynyň arasyndaky duşuşyk halkymyz üçin uly baýramçylyga öwrüler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyz: – «Arkadag» topary bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparynyň arasyndaky duşuşyk halkymyz üçin uly baýramçylyga öwrüler

view-icon 129
Gahryman Arkadagymyz: – «Arkadag» topary bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparynyň arasyndaky duşuşyk halkymyz üçin uly baýramçylyga öwrüler

AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň çäklerinde 11-nji fewralda Türkmenistanyň «Arkadag» hem-de Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparlarynyň arasynda geçiriljek oýun halkymyz üçin hakyky baýramçylyk bolar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu duşuşygyň geçiriljek ýeri bolan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine baran mahalynda aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda halkara giňişliginde uly üstünliklere eýe bolan «Arkadag» futbol toparynyň ýeňiş gazanmagynyň ýurdumyz üçin uly abraýdygyny, türkmen futbolçylarynyň deňme-deň oýnan pursatlarynda bolsa, il içinde aýdylyşy ýaly, «kör abraýdygyny» belledi. Gahryman Arkadagymyz eger türkmen türgenleriniň utulan ýagdaýynda hem bu duşuşyk halkymyz üçin, geljek daşary ýurtly myhmanlar üçin hakyky baýramdygyny, täze üstünliklere itergi berjek waka öwrüljekdigini belledi hem-de futbolçylaryň bar güýjüni gaýgyrman, arassa we owadan oýun görkezjekdiklerine ynam bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy stadionyň umumy infrastrukturasy, şol sanda oýun meýdançasynyň ýagdaýy we tomaşaçy orunlary bilen jikme-jik tanşyp, häzirki bar bolan meseleleriň oňyn çözülmeginiň ileri tutulýan wezipelerdigini nygtady.

Hiç bir jikme-jikligiň ünsden düşürilmeli däldigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň sport abraýynyň belende galmagynda uly ähmiýeti bolan öňde duran duşuşygy guramaçylykly geçirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi.

Futbol ýaryşynyň ýokary derejede geçirilmegi, janköýerler we tomaşaçylar üçin ähli şertleriň döredilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şol bir wagtda, degişli düzümleriň işini utgaşdyrmagyň hem-de öňde duran oýun baradaky habarlaryň giňden beýan edilmegine jogapkärli çemeleşmegiň ähmiýeti bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde diňe bir tomaşaçylar üçin däl, eýsem, türgenler we tälimçiler üçin hem ähli zerurlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny, bu işlerde täzeçil tehnologiýalary hem-de dünýäniň ösen tejribesini işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtady we degişli ýolbaşçylara bu ugra degişli gymmatly maslahatlaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, şeýle hem başlanmagyna 10 gün galan halkara futbol duşuşygyny ýokary derejede beýan etmek, degişli mahabat işlerini guramak we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmek boýunça çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlar berildi.

Aşgabadyň 45 müň orunlyk Olimpiýa stadiony Merkezi Aziýada iň iri sport desgadyr. Bu stadion 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin gurlupdy. AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň öňde duran oýny stadionyň taryhyndaky ilkinji resmi futbol duşuşygy bolar.

Ýatladyp geçsek, «Arkadag» futbol topary we Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» topary Aziýanyň ähmiýeti boýunça ikinji topar ýaryşynyň 1/8 final tapgyrynda özara iki gezek duşuşarlar. Birinji duşuşyk Türkmenistanda, jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanyda geçiriler. Iki duşuşygyň netijesi boýunça ýeňiji bolan topar çärýek finalda «Al-Zawraa» (Yrak) – «Al-Wasl» (BAE) jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar. Günbatar zolagynyň beýleki çärýek finallarynda «Foolad Mobareke Sepahan» (Eýran) – «Al-Ahli» (Katar) we «Esteghlal» (Eýran) – «Al-Husseýn» (Iordaniýa) jübütleriniň ýeňijileri güýç synanyşarlar.

Türkmenistanyň çempionynyň garşydaşy bolan Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň öňki tapgyrynda «D» toparçasynda bäş ýyldyzly netije görkezdi: alty oýunda alty ýeňiş gazanyp, salnan we goýberilen toplaryň tapawudyny 22:2 ýagdaýyna getirdi. «Arkadag» topary bolsa bir ýeňiş, dört deňme-deňlik we bir utulyş bilen «B» toparçasynda ikinji orny eýeledi (alty oýunda 5 gol salyp, 6 gol goýberdi).

2023-nji ýyldan bäri «Al-Nassr» toparynyň düzüminde bäş gezek «Altyn topuň», dört gezek «Altyn butsanyň» eýesi, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, şeýle hem Portugaliýanyň ýygyndysynyň düzüminde 2016-njy ýylyň Ýewropa çempiony, UEFA-nyň Milletler ligasynyň 2024/2025-nji ýyllardaky möwsüminiň ýeňijisi Kriştianu Ronaldu çykyş edýär. Ol 5-nji fewralda 41 ýaşyny doldurýar.

K.Ronaldudan başga-da, «Al-Nassr» toparynyň düzüminde dünýä futbolynyň beýleki ýyldyzlary: portugaliýaly Žoau Feliks, Senegalyň ýygyndysy bilen Afrikanyň häzirki iki gezek çempiony Sadio Mane, fransiýaly Kingsli Koman, ispaniýaly Inýigo Martines, horwatiýaly Marselo Brozowiç dagy bar. Saud Arabystanynyň toparynda braziliýaly oýunçylar derwezeban Bento Krepski we hüjümçi Gabriel Anželo hem möhüm orun eýeleýärler. Topara 71 ýaşly portugaliýaly hünärmen Žorže Žezuş tälim berýär.

«Transfermarkt» portalynyň maglumatlaryna görä, «Al-Nassr» toparynyň oýunçylarynyň umumy bahasy 138,13 million ýewro barabardyr.