Ï «Al-Nassr» topary «Arkadag» futbol topary bilen boljak duşuşygyň öňüsyrasynda myhmançylykda «Al-Riýad» toparyny ýeňdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Al-Nassr» topary «Arkadag» futbol topary bilen boljak duşuşygyň öňüsyrasynda myhmançylykda «Al-Riýad» toparyny ýeňdi

view-icon 147
«Al-Nassr» topary «Arkadag» futbol topary bilen boljak duşuşygyň öňüsyrasynda myhmançylykda «Al-Riýad» toparyny ýeňdi

AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda Türkmenistanyň «Arkadag» toparynyň garşydaşy bolan «Al-Nassr» topary Saud Arabystanynyň çempionatynda nobatdaky ýeňşini gazandy.

Çempionatyň 20-nji tapgyrynyň myhmançylykda geçen duşuşygynda Žorže Žezuşyň şägirtleri ýaryş tertibiniň 15-nji ornunda barýan «Al-Riýad» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşygyň 40-njy minudynda Žoau Feliksiň netijeli geçirmesinden soň, Afrikanyň häzirki iki gezekki çempiony Sadio Mane owadan urgy bilen ýeňiş goluny geçirdi.

Duşuşyk Saud Arabystanynyň Pro-ligasynyň esasy ýyldyzy Kriştianu Ronaldunyň gatnaşmazlygynda geçdi. Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, K. Ronaldu «Al-Nassr» toparynyň beýleki öňdebaryjy toparlar bilen deňeşdirilende düzümini güýçlendirmek boýunça alyp barýan işleriniň pesdigi sebäpli oýna gatnaşmakdan ýüz öwrüpdir.

Bäş gezek «Altyn topuň» eýesi we UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi Ýakyn Gündogara gelen wagty, oňa «Al-Nassr» toparynyň Saud Arabystanynyň iň öňdebaryjy topary boljakdygy barada kepillik berilipdi, emma häzirki wagta çenli topar heniz hiç hili çempionlyk gazanyp bilmedi. Tomusky transfer möwsüminde «Al-Nassr» täze oýunçylar üçin 100 million ýewro sarp eden bolsa, onuň çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşi «Al-Hilal» ondan 45 million ýewro köp serişde harçlady we ýakynda «Altyn topuň» eýesi Karim Benzemany öz düzümine goşdy.

Kriştianu Ronaldu elmydama ýokary netijeleriň tarapdary bolup çykyş edýär. Onuň soňky dört ýarym ýylyň dowamynda hiç hili kubok gazanyp bilmezligi portugaliýaly hüjümçiniň meýillerine kybap gelmeýär. 5-nji fewralda K. Ronaldu 41 ýaşyny doldurýar. Onuň uly futboldan gitjek wagty golaýlaşsa-da, täze kuboklar heniz görünmeýär.

Ýatlap geçsek, 2022-nji ýylyň dekabrynda portugaliýaly oýunçynyň Saud Arabystanyna gelmeginiň özboluşly sebäpleri bardy. Ýewropanyň ähli öňdebaryjy toparlary onuň hyzmatyndan ýüz öwüripdi. Häzirki wagtda MLS (ABŞ-nyň Ýokary futbol ligasy) görnüşi bar bolsa-da, ol ýerde K. Ronaldunyň isleglerini kanagatlandyryp biljek topar ýok. Iň erbet ýagdaýda, dünýä çempionatyndan soň K. Ronaldu futbol bilen hoşlaşmaly bolar, emma ol özüniň 1000 gol urmak baradaky arzuwy bilen ýaşaýar. «Transfermarkt» portalynyň 12 million ýewro baha berýän K. Ronalda bu sepgide ýetmek üçin ýene-de 39 gol gerek. Saud Arabystanynyň çempionatynyň şu möwsüminde Kriştianu Ronaldu 18 duşuşyga gatnaşyp, 17 gol we bir netijeli geçirme bilen tapawutlandy. Onuň «Al-Nassr» bilen baglaşan zähmet şertnamasynyň möhleti 2027-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar.

K. Ronaldunyň «Arkadag» topary bilen geçiriljek iki duşuşykda öz gollarynyň sanyny artdyryp bilmejekdigi tiz wagtdan belli bolar. AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň «Al-Nassr» topary bilen ilkinji duşuşygyny Türkmenistanyň üç gezek çempiony 11-nji fewralda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçirer, jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Er-Riýadda bolar.

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky  Olimpiýa şäherçesine baryp, Olimpiýa stadionynyň öňde duran halkara futbol duşuşygyna taýýarlyk ýagdaýy bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda halkara giňişliginde uly üstünliklere eýe bolan «Arkadag» futbol toparynyň ýeňiş gazanmagynyň ýurdumyz üçin uly abraýdygyny, türkmen futbolçylarynyň deňme-deň oýnan pursatlarynda bolsa, il içinde aýdylyşy ýaly, «kör abraýdygyny» belledi. Gahryman Arkadagymyz eger türkmen türgenleriniň utulan ýagdaýynda, bu duşuşyk halkymyz üçin, geljek daşary ýurtly myhmanlar üçin hakyky baýramdygyny, täze üstünliklere itergi berjek waka öwrüljekdigini belledi hem-de futbolçylaryň bar güýjüni gaýgyrman, arassa we owadan oýun görkezjekdiklerine ynam bildirdi.