Ï Ýapon animasiýasynyň saz dünýäsine syýahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýapon animasiýasynyň saz dünýäsine syýahat

view-icon 112
Ýapon animasiýasynyň saz dünýäsine syýahat
camera-icon
Ýusup Türşekow

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň ýapon animasiýasyna bagyşlanan konserti boldy. Ýurdumyzda ilkinji gezek Ýapon kinoakademiýasynyň «Animasiýa üçin iň gowy saz» baýragynyň köp gezek eýesi Jo Hisaisiniň we beýleki ýapon kompozitorlarynyň döreden sazlary ýaňlandy.

Diňleýjileri ekranda konsertiň gatnaşyjylaryna öwrüljek multiplikasiýa gahrymanlarynyň şekilleri garşylady. Şekiller reňklere, hyýaly dünýäniň täsinliklerine, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň dürlüligine baýdyr.

Konserti Jo Hisaisiniň duýguly sazy bilen bezelen «Gaýadaky Ponýo balygy» atly filmden bölekler açdy. Soňra tomaşaçylaryň öňünde «Ruhlar tarapyndan ogurlananlar», «Ýöreýän köşk», «Kikiniň eltip berme hyzmaty», «Mononoke şa gyzy» ýaly filmleriň gahrymanlary peýda boldy. Ýapon animeleriniň kinematografiýasy örän özboluşlydyr. Bu multfilmleriň gahrymanlary bir ýerde durmaýarlar. Olar şäher köçeleriniň üstünden uçup geçýärler, asmanda guş ýaly uçup barýarlar. Olaryň daşky gurşawy örän owadan tebigy görnüşler bilen bezelendir. Ýöne wakalaryň örän çalt depginde ösmegi netijesinde olary jikme-jik synlamaga wagt galmaýar.

Şol bir wagtyň özünde Jo Hisaisiniň bu wakalara seslendirýän sazy asuda we saldamly ýaňlanýar. Kompozitor edil öz gahrymanlaryny gorajak bolýan ýaly, şemalyň öwüşginini saklamaga çalyşýar. Şol bir wagtyň özünde saz eserleri ekrandan daşyna çykýan ylhamdan doludyr.

Skripkaçy Selbinyýaz Mülkamanowa, wokalçylar Maýsa Nyýazowa we Döwran Şammyýew ýapon kompozitorlarynyň saz eserleriniň üstüni ýetirip, ajaýyp çykyşlary hödürlediler. «Ýylpyldaýan ýaldyrawuk tomzaklaryň tokaýyna» we «Sudzume» atly eserlerde Maýsa ýapon medeniýetiniň liriki ruhuny inçelik bilen ýetirmegi başardy.

Döwran Şammyýew bolsa «Seniň adyň» we «Naruto» filmleriniň sazlarynda, tersine, joşgunly we batly depginde çykyş etdi.

– Men bu taslama gatnaşýandygyma örän şat. Munuň netijesinde meniň repertuarymdaky daşary ýurt eserleriniň üstüne ýapon aýdymlary hem goşuldy – diýip, Döwran sahnanyň aňyrsynda öz täsirlerini biziň bilen paýlaşdy.

Söhbetdeş bolanymyzda Resul Gylyjow şulary belledi: «Bu taslamanyň üstünde işlänimizde, orkestriň ähli sazandalary ýapon saz medeniýetiniň baýlygyny uly gyzyklanma bilen açdylar. Men türkmen saz söýüjilerini birnäçe nesilleriň ýüregini alýan ýapon kompozitorlarynyň döredijiligi bilen tanyşdyranym üçin örän şatdyryn».

Ýapon sazynyň jadyly dünýäsi dirižýoryň özüne-de güýçli täsir etdi. Konsertiň iň soňky sazynda Resul Gylyjow dirižýorlyk ornundan düşüp, tans edip, sahnadan orkestre ýolbaşçylyk etmegini dowam etdirdi. Bu kompozitor Toşio Masudanyň «Naruto» animesiniň sazy boldy.