Ï Türkmen pälwanlary Groznyda geçirilen ýetginjekler ýaryşynda bäş medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen pälwanlary Groznyda geçirilen ýetginjekler ýaryşynda bäş medal gazandylar

view-icon 72
Türkmen pälwanlary Groznyda geçirilen ýetginjekler ýaryşynda bäş medal gazandylar

Groznyda geçirilen 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça «RWL-VI Riada Wrestling Liga» atly halkara ýaryşynda türkmen pälwanlary dürli derejeli bäş medal gazandylar.

Toparymyzda iň ýokary netijäni Süleýman Musagulyýew gazandy. Ol 125 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bäsdeşlerinden üstün gelip, altyn medal gazanmak bilen, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

Azatberdi Aşyrgulyýew 65 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medal gazandy, bürünç medallary bolsa Azymberdi Aşyrgulyýew (57 kilograma çenli), Dagan Guwançmyradow (61 kilograma çenli) we Batyr Begenjow (74 kilograma çenli) dagy gazandylar.