Ï Robert Fransew: «Arkadag» futbol topary tutuş türkmen sportuny öňe alyp barýan nusgalyk taslamadyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Robert Fransew: «Arkadag» futbol topary tutuş türkmen sportuny öňe alyp barýan nusgalyk taslamadyr

view-icon 140
Robert Fransew: «Arkadag» futbol topary tutuş türkmen sportuny öňe alyp barýan nusgalyk taslamadyr

Aşgabatda «Arkadag» futbol topary – türkmen futbolynyň buýsanjy we geljegi» atly giň gerimli metbugat maslahaty geçirildi. Mediaforumyň çäklerinde Umumyrussiýa teleradiokompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça habarçysy Robert Fransew ýaş toparyň üstünlikleri baradaky garaýyşlaryny «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bilen paýlaşdy.

Bilermeniň pikiriçe, «Arkadag» futbol topary diňe bir sport başlangyjy bolman, eýsem, döwlet derejesindäki abraýly taslama öwrüldi. R.Fransew türkmen futbol toparynyň möhüm sosial-jemgyýetçilik taslamasy hökmündäki gazananlaryna ýokary baha berdi hem-de žurnalistler toparynyň Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparyna garşy geçiriljek duşuşykda «Arkadag» toparynyň janköýeri boljakdygyny aýtdy.

«Bu ýurduň abraýynyň has-da artmagy babatda Türkmenistan üçin netijeli gazanylan üstünlikdir. Ertir «Arkadag» toparynyň dünýä futbolynyň haýsy ýyldyzlaryna garşy oýnajakdygyny nazarda tutsaň, örän köp sanly adamlar Türkmenistany täzeçe açarlar. Şeýle hem bu diňe bir sport däl-de, eýsem, has giň gerimli wakadyr. Sport ugruna degişli aýtsak, toparyň gysga wagtyň içinde taryhy netijeleri gazanandygyny görýäris, şeýle üstünlikler taýýarlygyň ýokary derejesinden habar berýär» diýip, russiýaly žurnalist belledi.

Robert Fransew iň birinji duşuşykdan başlap, diňe bir toparyň däl-de, eýsem, nusgalyk taslamanyň döredilýändiginiň aýdyň görünendigini nygtady. Onuň wezipesi diňe bir futbola däl, eýsem, tutuş türkmen sportuna ösüş badyny bermekden ybaratdyr. R.Fransew «Arkadag» toparynyň gysga möhletde gazanan sport netijelerini taryhy hasaplaýar. Şol bir wagtda, bu çalt depginli ösüşiň aňrysynda Türkmenistanyň Hökümetiniň uzak möhletleýin we ulgamlaýyn işleriniň durandygyny aýtdy.

«Bu ýerde höwesjeňler sportunyň ösüşi barada aýtmak hem örän möhümdir. Sebäbi köpçülikleýin, hakyky halk söýgüsine eýe bolan sporta daýanman, professional sporty döretmek mümkin däl. Biz köp ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sporta bolan şahsy gatnaşygy arkaly ýaşlar üçin nusgalyk görelde görkezýändiklerine şaýat bolýarys» diýip, mediaforuma gatnaşyjy pikirini paýlaşdy.

Bu babatda söhbetdeşimiz Aşgabatdaky sport desgalarynyň türgenleriň täze neslini taýýarlamak ulgamyna işjeň goşulýan 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tejribesine aýratyn ünsi çekdi.

«Meniň türkmen sporty bilen ilkinji tanyşlygym iri sport çäresi bolan 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen baglanyşyklydyr. Şeýle halkara ýaryşlardan soň elmydama «Şu ägirt uly düzümler näme üçin guruldy we soňra nähili ulanylar?» diýen sorag ýüze çykýar. Ýaryşlar geçýän wagty hemmesiniň doly güýjünde işleýändigi düşnükli. Emma biz häzir aradan 9 ýyl geçendigini we şol döwrebap düzümleriň ählisiniň işjeň ulanylýandygyny görýäris» diýip, R.Fransew nygtady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda russiýaly kärdeşimiz halkara goldawa aýratyn üns berdi. Onuň aýtmagyna görä, «Arkadag» futbol toparynyň öňde duran oýunlary diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa üçin möhüm waka hökmünde kabul edilýär.

«Diňe ýeňiş! Diňe öňe! Biz «Arkadag» topara janköýerlik edýäris!» Şunuň bilen birlikde, men dürli ýurtlardan gelen kärdeşlerimiz bilen gürleşendigimizi we olaryň ählisiniň «Arkadag» toparyna janköýerlik edýändigini bellemek isleýärin. Bu Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary üçin wajyp oýundyr. Hemmeler türkmen toparyny goldaýarlar» diýip, Robert Fransew sözüni jemledi.