«Ta-Tal» teatrynda täze döredijilik topary – «Melodiýa» orkestriniň tanyşdyrylyş konserti geçirildi. Orkestriň ýolbaşçysy, halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Annaoraz Döwletow bu döredijilik başlangyjyny Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň wiolonçel synpy boýunça mugallymy Jemal Muhammedowanyň ýagty ýadygärligine bagyşlady.


Konsertiň birinji bölümi terjimehal häsiýetde geçdi. Alypbaryjy Ýekaterina Darçiýa diňleýjileri zehinli wiolonçelist Jemal Muhammedowanyň durmuşy bilen tanyşdyrdy. Onuň gürrüňi Jemal Muhammedowanyň durmuşynyň wakalary bilen baglanyşykly tematiki eserleriň ýerine ýetirilmegi bilen utgaşdy.


Konsertiň ikinji bölümi Jemal Muhammedowanyň söýgüli eserlerinden ybarat boldy. Olaryň hatarynda Aman Agajykowyň, Georgiý Swiridowyň, Waleriý Gawriliniň, Jon Wilýamsyň, Arno Babajanýanyň we beýleki kompozitorlaryň eserleri bar. Tomaşaçylar, esasan-da «Свой среди чужих, чужой среди своих» filminden «Melodiýa» atly sazy ýerine ýetiren Amangeldi Hudaýgulyýewiň surnaý solosyna haýran galdylar. «Радуга» çagalar hory hem konserti öz çykyşy bilen baýlaşdyrdy.


Konsertiň dowamynda Jemal Muhammedowanyň çagalaryna, şeýle hem ony mähir bilen ýatlaýan kärdeşlerine söz berildi.


Konsert tamamlanandan soň «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bilen söhbetdeşlikde «Melodiýa» orkestriniň ýolbaşçysy Annaoraz Döwletow sazçylyk toparynyň geljekki döredijilik meýilnamalary barada gürrüň berdi.


– Biz Aşgabadyň ähli zenanlaryny we paýtagtymyzyň myhmanlaryny 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli täze baýramçylyk konserti bilen gutlamagy meýilleşdirýäris. Bu konserti «Watan» kinokonsert zalynda geçirmegi göz öňünde tutýarys. Pursatdan peýdalanyp, «Melodiýa» orkestriniň sazandalarynyň adyndan ýurdumyzda sungatyň dürli görnüşleriniň ösmegi üçin ähli şertleri döredýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris.