Ï Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty

view-icon 138
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty

Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” toparlarynyň tälimçileriniň hem-de futbolçylarynyň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Onda paýtagtymyzda geçiriljek halkara futbol ýaryşyny giňden beýan etmek üçin Aşgabada gelen dünýäniň dürli ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri öňde boljak oýnuň ähmiýeti, onuň taýýarlyk derejesi we aýratynlyklary bilen gyzyklandylar.

“Al-Nassr” toparynyň ýolbaşçylary we türgenleri Olimpiýa şäherçesinde döredilen şertler, Olimpiýa stadionynyň amatlyklary bilen tanyşdylar. Mälim bolşy ýaly, şu günler dünýä jemgyýetçiliginiň nazary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde geçiriljek futbol duşuşygyna gönükdi. Munuň özi paýtagtymyzda boljak bu oýnuň halkara giňişlikdäki ähmiýetini görkezýär.

Metbugat maslahatynda “Arkadag” toparynyň tälimçisi we oýunçysy ýurdumyzyň hem-de dünýä döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyp, žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.

“Arkadag” we “Al-Nassr” toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga dünýäniň 13 ýurdundan köp sanly žurnalistler gatnaşarlar. Bu bolsa oňa dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýändigini subut edýär. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Olimpiýa stadionyna gelip, duşuşyga görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanşyp, futbol ýaryşynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigi barada aýdanlary türkmen futbolçylarynyň ruhuny has-da belende göterdi. Şeýle hem toparyň tälimçisi we futbolçysy özboluşly synag hökmünde kabul edilen duşuşygyň türkmen futbolçylarynyň tejribelerini baýlaşdyrmakda, olaryň oýnuň has netijeli usullaryny özleşdirmeklerinde ähmiýetli boljakdygyny aýdyp, türkmen sportunyň abraýyny belende götermek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra bu ýerde guralan metbugat maslahaty “Al-Nassr” toparynyň tälimçisiniň we oýunçysynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ilki myhmanlaryň Türkmenistan we onuň paýtagty baradaky pikirlerini diňlediler. Şeýle hem bu gezekki bäsleşigiň nähili geçjekdigi baradaky çaklamalar bilen gyzyklanyldy.

Myhman toparyň wekilleri türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar ak mermerli Aşgabadyň gözelligine, Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda döredilen mümkinçilikleriň derejesine ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, 45 müň orunlyk stadionyň meýdançasynda örän çekeleşikli we gyzykly oýun bolar. Her toparyň ýeňşe umyt baglaýandygy äşgär hakykat. Hut şonuň üçin hem futbolçylar meýdançada täsirli oýun görkezmäge çalşarlar. Şeýle hem olar “Arkadag” toparynyň oýunçylarynyň kämillik derejesiniň ýokarydygyny, olaryň aýratyn yhlasly oýnaýandyklaryny nygtadylar. “Al-Nassryň” wekilleri sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurduň paýtagtynda bolup, dünýäde meşhurlyk gazanan topar bilen bäsleşmegi özleri üçin uly hormat hasaplaýandyklaryny bellediler.

“Arkadag” we “Al-Nassr” toparlarynyň Aşgabatda boljak duşuşygy Aziýa sportunyň taryhyna möhüm sahypany ýazar. Şunuň bilen baglylykda, bu oýnuň taryhy wakalara we ýatda galyjy pursatlara beslenjekdigini aýdyp bolar. Toparlaryň ýeňşe bolan ynamy hem-de yhlasy oýnuň gyzykly boljakdygyna güwä geçýär.