Hormatly adamlar!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň iň ýokary netijeleri gazanyp, bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilmegi hem-de etrabyň häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Biz 2025-nji ýylda ähli ösüşlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň gözbaşy bolan Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyryp, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň bähbidine öňde goýan maksatlarymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, uly öňegidişlikleri gazandyk. Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanan geçen ýylda täze obadyr şäherlerimiziň gurluşygyny depginli dowam etdirdik, iri senagat, energetika, ulag-kommunikasiýa düzümlerini döretdik. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgämiziň üstünlikli amala aşyrylmagy esasynda ýurdumyz abadançylygyň, baky bagtyýarlygyň we uly ösüşleriň mekanyna öwrüldi.
Eziz watandaşlar!
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby hem durmuş, ykdysady we medeni taýdan ýurdumyzyň depginli ösýän etraplarynyň biridir. Etrabyň ykdysadyýeti, oba hojalyk, gurluşyk, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlary depginli ösdürilýär. Bu ýerde döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, ýaşaýyş jaýlary guruldy we bu ugurdaky işleriň depgini has-da güýçlendirilýär. Diýarymyzyň senagat-önümçilik pudagyny galkyndyrmak babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, ähli sebitler bilen bir hatarda, bu etrapda-da innowasion tehnologiýaly, kuwwatly senagat, önümçilik desgalary işe girizilýär hem-de täze iş orunlary döredilýär. Etrabyň zähmetkeşleriniň bugdaýyň, pagtanyň, miwe, gök we bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, dowarlaryň baş sanyny artdyrmak ugrunda gazanýan üstünlikleri guwandyryjydyr.
Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Köneürgenjiň baý taryhy, dünýä derejesinde ykrar edilen arheologik we binagärlik ýadygärlikleri bar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Köneürgenç şäheriniň binagärlik sungaty, Gutlug Teýmiriň minarasy, Törebeg hanymyň aramgähi, Il Arslanyň, Nejmeddin Kubranyň, Tekeşiň, Soltan Alynyň, Pirýar weliniň kümmetleri, gymmatly arheologik tapyndylar, taryhy çeşmeler, ylmy işler gadymy Köneürgenjiň öz döwründe baý ülke bolandygyna şaýatlyk edýär.
Daşoguz welaýatynyň bu sebitinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmekde, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda bu etrapda Bitaraplyk şäherçesiniň we awtomobil köprüleriniň açylyp ulanmaga berilmegi durmuş-ykdysady özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalyna öwrüldi. Döwrebap şäherçäniň çäginde ähli amatlyklary bolan 400 sany ýaşaýyş jaýy, 160 orunlyk çagalar bagy, 420 orunlyk orta mekdep, 200 orunlyk medeniýet öýi, 500 orunlyk toý mekany, saglyk öýi, söwda merkezi, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi we beýleki medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar bina edildi. Bitaraplyk şäherçesi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bedew batly ösüşleriniň özboluşly beýanydyr.
Eziz watandaşlar!
Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzda amala aşyrylýan belent maksatly işleri halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirip, röwşen geljegiň binýadyny berkitmekden ybaratdyr. Köneürgenç etrabynyň zähmetkeşleriniň geljekde hem ähli yhlasyny we tagallalaryny Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirjekdiklerine berk ynanýaryn. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň: «Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Mukaddes söýgüdir. Watana bolan söýgi ynsanyň tutuş ömrüni bezeýär. Ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur. Bagtly bolmak üçin Watany söýmek gerek. Edebiň ýagşysy hem Watany söýmekdir» diýen sözlerine eýerip, Watanymyza bolan beýik söýgimiz bilen mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmak biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Hormatly adamlar!
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ähli ilatyny şu günki şatlykly waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.