Ï «Al-Nassr» topary Aziýa ýaryşlarynda türkmen futbolçylary bilen üçünji gezek duşuşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Al-Nassr» topary Aziýa ýaryşlarynda türkmen futbolçylary bilen üçünji gezek duşuşar

view-icon 775
«Al-Nassr» topary Aziýa ýaryşlarynda türkmen futbolçylary bilen üçünji gezek duşuşar

Aşgabatdaky AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygy Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» topary bilen türkmen toparynyň taryhda üçünji duşuşygy bolar.

Ilkinji duşuşyk 1995-nji ýylda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň ýurtlarynyň çempionlary üçin baş baýrak ugrundaky 15-nji ýaryşyň çäklerinde geçirildi. Şonda, 31 ýyl mundan ozal yklymyň toparlaryň arasynda geçirilýän baş ýaryşynda Türkmenistana wekilçilik eden şol wagt ýurduň üç gezek çempiony Aşgabadyň «Köpetdag» topary ýaryşyň çärýek final tapgyryna çenli ýetdi. Ol tapgyr toparlaryň dördüsiniň – Kataryň «Al-Arabi», Eýranyň «Saýpy», Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» hem-de Türkmenistanyň «Köpetdag» toparlarynyň gatnaşmagynda Er-Riýad şäherinde geçirilipdi.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Baýram Durdyýewiň ýolbaşçylyk edýän «Köpetdag» topary birinji oýunda dartgynly duşuşykda «Saýpy» toparyndan 0:1 hasabynda ýeňilipdi, ikinji duşuşygynda «Al-Arabi» topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnapdy, üçünji duşuşykda bolsa «Al-Nassr» toparyndan 0:1 hasabynda ýeňlip, abraýly ýaryşda Aziýanyň iň oňat toparlarynyň sekizsiniň hatarynda çykyşyny tamamlapdy. Şol netije häzire çenli Aziýa ýurtlarynyň çempionlarynyň esasy yklym ýaryşynda beýleki türkmen toparlarynyň hiç biri tarapyndan ýetilmedik görkeziji bolmagynda galýar.

«Köpetdag» toparynyň «Al-Nassr» topary bilen indiki duşuşygy 1998-nji ýylyň 10-njy aprelinde Kubok eýeleriniň kubogy ugrundaky 8-nji ýaryşyň ýarym finalynda gabat geldi. Şol wagt Aziýanyň toparlarynyň arasyndaky ýaryşyň ikinji derejesi şeýle atlandyrylýardy.

Duşuşyk Er-Riýadda Saud Arabystanynyň patyşasy Fahdyň 70 müň orunlyk stadionynda geçirildi. «Köpetdag» topary bilen duşuşygyň öňýanynda, braziliýaly tälimçi Fernandesiň ýolbaşçylyk edýän ýer eýeleri öz düzümini ep-esli berkidipdi. «Al-Nassr» toparynyň düzüminde 200 müň ABŞ dollaryna ýarym finalda we finalda oýnamaga ylalaşan «Barselona» toparyndaky çykyşlary bilen meşhur bolan 32 ýaşly bolgariýaly ussat oýunçy Hristo Stoiçkow, şeýle hem Kataryň ýygyndysynyň hüjümçisi Mohammet Salem Al-Anzi peýda bolupdy.

«Köpetdag» topary Saud Arabystanynyň meşhur toparynyň garşysyna mynasyp oýnap, ondan ýene-de bir pökgi tapawut bilen 1:2 hasabynda ýeňildi.

Indi ykbal ýene-de Türkmenistanyň häzirki üç gezek çempiony «Arkadag» toparyny AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda «Al-Nassr» topary bilen duşurdy. «Altyn pökginiň» bäş gezek eýesi Kriştiano Ronaldu bilen birlikde daşary ýurtlaryň birnäçe ýyldyzlaryny özünde jemleýän saud Arabystanynyň topary ýaryşyň baş baýragynyň esasy dalaşgäri bolup durýar. Düzüminde diňe ýerli futbolçylar çykyş edýän «Arkadag» topary bolsa Aziýanyň toparlarynyň ikinji derejeli ýaryşynda ilkinji gezek çykyş edýär.

«Arkadag» futbol topary Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2023-nji ýylda döredildi we gysga wagtyň içinde türkmen futbolynyň hakyky öňdebaryjysyna öwrüldi. Üç ýylda topar içerki ýaryşda hiç hili ýeňlişe sezewar bolman futbol boýunça çempionatynda, Türkmenistanyň Kubogy we Naýbaşy Kubogy ugrundaky ýaryşlarda ýeňiji boldy.

Geçen ýyl «Arkadag» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň – Aziýanyň toparlarynyň ähmiýeti boýunça üçünji ýaryşynda kubogy eýeläp, halkara derejesinde üstünlik gazandy. Wladimir Baýramowyň türgenleri finalda Kambojanyň «Preah Khan Reach Svay Rieng» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdiler. Bu bolsa toparyň taryhynda möhüm waka boldy.

AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň utulan çykdy ýaryşynyň öňýanynda «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň üçüsi bilen şertnamalara gol çekendigini yglan etdi. Geçen möwsümde Gyrgyzystanyň Garabaltyn şäheriniň «Gygyzaltyn» toparynda çykyş eden 25 ýaşly ýarym goragçy Meýlis Diniýew, şeýle hem «Köpetdag» toparynyň 22 ýaşly hüjümçisi Daýanç Meredow we «Altyn Asyr» toparyň 24 ýaşly hüjümçisi Rahman Myratberdiýew toparyň düzümine goşuldylar. Şundan soň «Arkadag» futbol toparynyň gymmaty 2.88 mln. ýewrodan 3.15 mln. ýewro çenli ýokarlandy.

Bilermenleriň pikirine görä, «Al-Nassr» topary bilen iki gezek geçirilmeli duşuşyk – munuň özi «Arkadag» topary üçin yklymyň ýokary derejeli toparlarynyň biriniň garşysyna öz güýjüni synap görmek hem-de halkara derejesinde özüni ýene-de tanatmak üçin taryhy mümkinçilikdir. Duşuşygyň netijesiniň nähili boljakdygyna garamazdan ol eýýäm türkmen futbolynyň taryhyna girip, milli buýsanja öwrüldi. Olimpiýa stadionynyň tomaşaçylardan doljakdygyna, duşuşyga bolan gyzyklanmanyň bolsa ýurdumyzyň çäklerinden çykjakdygyna garaşylýar.