Ï Jaz ritmleri we teatr sahnasy tomaşaçylary çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jaz ritmleri we teatr sahnasy tomaşaçylary çagyrýar

view-icon 147
Jaz ritmleri we teatr sahnasy tomaşaçylary çagyrýar

Paýtagtymyz Aşgabadyň medeni durmuşy özüniň köpdürlüligi bilen begendirmegini dowam edýär. Bahar paslynyň gelmegi bilen, şäherimiziň medeni maksatnamasy birnäçe garaşylýan ilkinji görkezilişleri we konsertleri taýynlap, has-da baýlaşar. Ýetip gelýän baýramçylyklaryň joşgunly owazyny dabaralandyrjak jaz agşamy saz dünýäsiniň ilkinji ajaýyp sowgady bolar.

28-nji fewralda sagat 19:00-da «Watan» kinokonsert merkezinde Kowus Bäşimowyň ýolbaşçylygyndaky «Jazz till dawn» jaz orkestriniň konserti bolar. Tomaşaçylar solistler Döwran Şammyýewiň, Bahar Durdyýewanyň we Täzegül Baýramowanyň ýerine ýetirmeginde iň gowy jaz eserlerini diňläp bilerler.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň teatr sahnalarynda gyzykly pursatlara baý bolan eserler görkeziler. Tomaşaçylara söýgi we ylham baradaky romantiki sahna eserleri garaşýar.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

28.02.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;

01.03.2026: «Är we aýal» 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

28.02.2026: «Durmuş diňe düýş däl» 19:00;

01.03.2026: «Gurbannazar Ezizow» 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

28.02.2026: «Oýun bir, maza iki» 19:00;

01.03.2026: «Mähriban dideler» 19:00.

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

28.02.2026: «Egri garga» 12:00;

28.02.2026: «41-iň zenanlary – alty gelin» 19:00;

01.03.2026: «Böwenjik» 11:00; 13:00;

01.03.2026: «Mähriban zenanlar, Siziň üçin» atly konsert 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

28.02.2026: «Amanat giýew» 19:00;

01.03.2026: «Gülki agşamy» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

28.02.2026: «Bir towşanjyk bar ekeni» 17:00;

28.02.2026: «Çagaly öý – bazar» 19:00;

01.03.2026: «Dostlar» 12:00; 17:00;

01.03.2026: «Çagaly öý bazar» 19:00.