Ï Nabat Nurmuhammedowa we Amanbibi Welmyradowa bagyşlanan hatyra agşamy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nabat Nurmuhammedowa we Amanbibi Welmyradowa bagyşlanan hatyra agşamy

view-icon 138
Nabat Nurmuhammedowa we Amanbibi Welmyradowa bagyşlanan hatyra agşamy
camera-icon
Ýusup Türşekow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda meşhur aýdymçylaryň ikisi – Türkmenistanyň halk artisti Nabat Nurmuhammedowa hem-de Amanbibi Welmyradowa bagyşlanan hatyra agşamy geçirildi. Şu ýyl Nabat Nurmuhammedowanyň doglan gününe 100 ýyl bolýar.

Bu aýdymçy zenan bagşyçylyk sungatynyň nusgawy mekdebini döredenleriň biridir. Şu ýerde gyzykly maglumatlaryň birine ýüzleneliň: konserwatoriýanyň bagşy kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewa Nabat Nurmuhammedowanyň ýeke-täk şägirdi bolupdyr. Şemşat Hojaýewa Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň studiýasynda işlän ýyllarynda halypasynyň aýdymlaryny ýerine ýetirip, hemme babatda oňa meňzemäge çalşypdyr. Olar tanyşanlarynda, Nabat Nurmuhammedowa edil öz aýdyşy ýaly edip, radioda aýdym aýdýan aýdymçy gyzyň çykyş edýändigini gyzlarynyň biriniň aýdanlygyny ýatlapdyr. Şeýlelikde, halypanyň ýolbaşçylygynda Şemşat Hojaýewa «Selbinyýaz», «Tüni derýa», «Kim biler» ýaly aýdymlary öwrenipdir. Olar ýakyn gatnaşykda bolupdyrlar we Şemşat halypasynyň örän zehinli bolandygyny hem-de ýaňy 16 ýaşyndaka Döwlet filarmoniýasyna işe çagyrylandygyny onuň gürrüňlerinden bilipdir.

Nabat Nurmuhammedowa uruş ýyllarynda wagyz-nesihat toparynyň düzüminde harby bölümlerde we söweş meýdanlarynda esgerleriň öňünde konsert bilen çykyş edipdir. 1944-nji ýylda ýurdumyzyň durmuşyna işjeň gatnaşandygy üçin 18 ýaşly bagşy gyza «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy. Milli sungatymyza goşan ägirt uly goşandy üçin 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan Nabat Nurmuhammedowa aradan çykandan soňra «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at berildi.

Konserwatoriýanyň talyplarynyň we mugallymlarynyň ýygnanmagyna sebäp bolan beýleki aýdymçy – Amanbibi Welmyradowanyň bolsa şu ýyl doglan gününiň 80 ýyllygy bellenilýär. Ýene bir gyzykly maglumat: Şemşat Hojaýewa Amanbibi Welmyradowa bilen hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň studiýasynda bile işläpdir we şeýlelikde aýdymçylaryň ikisini hem ýakyndan tanapdyr. Amanbibi mahmal sesli bolupdyr. Lebapdaky Mugallymçylyk institutynyň talybyka çeper höwesjeňleriň bäsleşiklerine işjeň gatnaşan gyza Döwlet teleradiostudiýada işlemek teklip edilipdir.

Hünärmen aýdymçy bolmak mümkinçiligi Amanbibini örän gyzyklandyrypdyr we ol okuwyny goýup, Aşgabada göçüp gelipdir. Ol diňe bir aýdym aýtman, eýsem keşplere ses hem beripdir. «Görogly» radio spektaklynda baş gahrymana Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow, Agaýunusa bolsa Amanbibi ses beripdir. Onuň sesi radio diňleýjileriň ählisine tanyşdy we Göroglynyň aýalynyň keşbini ajaýyp görnüşde ýerine ýetirdi.

Üçünji gyzykly maglumat: 1973-nji ýylda «Mukamyň syry» atly çeper filminde Nabat Nurmuhammedowanyň we Amanbibi Welmyradowanyň döredijiligi utgaşýar. Baş gahryman Karkaranyň keşbini Ýelizaweta Garaýewa janlandyran bolsa, onuň aýdýan aýdymlarynyň birini Amanbibi, beýlekisini bolsa Nabat ýerine ýetiripdir.

Meşhur aýdymçylar baradaky bu ýatlamalary Şemşat Hojaýewa gürrüň berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew we Türkmenistanyň at gazanan artisti, kinorežissýor Şirli Mollaýew öz ýatlamalaryny biziň bilen paýlaşdylar.

Agşamyň ahyrynda bagşy kafedrasynyň uçurymlary Nabat Nurmuhammedowanyň eserlerinden düzülen konserti taýýarladylar. Bagşyçylyk sungaty aýdymçynyň sesine, häsiýetine we ýerine ýetiriş usulyna görä dürli öwüşginlere eýedir.

Sahnada «Sahypjemal», «Kim biler», «Galmanam» we beýleki halk aýdymlar ýaňlandy. Zenan bagşylaryň hatarynda Ogulbagt Maşadowa, Gülşirin Annamyradowa, Şeker Allagulyýewa, Tawus Annamyradowa we beýlekiler bar. Konserte Döwletmämmet Ökdirowyň ýolbaşçylygyndaky kamera orkestri hem-de solist Didar Ýomudow gatnaşdy. Orkestr «Mukamyň syry» atly filmden ajaýyp sazlary ýerine ýetirdi.

Şeýle hem ekranda aýdymçylaryň durmuşyna we döredijiligine degişli dürli ýyllaryň suratlary hem-de wideoşekiller görkezildi. Bu maglumatlar iki halypany tanaýan ýaşlar üçin aýratyn gyzykly boldy.

Türkmen aýdymçylaryna bagyşlanan hatyra agşamy olaryň döredijilik ýoluny dowam etdirijileriň arasynda mähirli ýagdaýda geçdi.