Ï Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

view-icon 106
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

Birleşen Patyşalyga amala aşyrylan saparynyň maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň London uniwersitet kollejiniň (UCL) Arheologiýa institutynyň professory Timoti Wilýams bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda Ylalaşyk baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen tarapy Timoti Wilýamsyň Türkmenistanyň arheologik mirasyny, aýratyn-da gadymy Merwi öwrenmek we gorap saklamak ugrunda köp ýyllaryň dowamynda goşan goşandyny aýratyn nygtady.

Bilelikdäki ylmy barlaglaryň ähmiýeti hem-de muzeý-sergi hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň wajyplygy bellenildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk giňeltmäge, bilelikdäki ekspedisiýalary guramaga, ylmy barlaglary ösdürmäge hem-de hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen Ylalaşyga gol çekildi.