Ï Şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan güni bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan güni bellenildi

view-icon 141

camera-icon
Ýusup Türşekow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Gurbannazar Ezizowyň şygryýetiniň muşdaklary ýygnandylar. Talyp ýaşlar bilen duşuşyga Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işgäri, öň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň mugallymy Baýram Goçmyradow çagyryldy.

Duşuşyk mynasybetli konserwatoriýanyň talyplary wokalçy Sahy Allaýarow we pianinoçy Jemşit Akyýew konsert taýýarladylar. Çärede Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna kompozitor Daňatar Hydyrowyň döreden aýdymlary, şol sanda «Uzak ýaýladaky enäniň hüwdüsi» hem-de «Özgelere diňletdim» ýaly eserler ýaňlandy. Duşuşyga meşhur şahyryň döredijiliginiň uly janköýeri kompozitor Daňatar Hydyrow hem gatnaşdy.

Baýram Goçmyradow diňleýjiler üçin söýgüli şahyryň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdi. Ol öz çykyşynyň dowamynda şahyryň iň gowy görülýän «Serpaý», «Ene», «Gyzlaryma», «Watan» ýaly goşgularyny labyzly okap berdi. B. Goçmyradow şol goşgularyň döreýiş taryhyny şahyryň durmuşyndaky möhüm wakalar bilen baglanyşdyrdy.

Myhmanyň çykyşyndan soňra, özara dostlukly söhbetdeşlik guraldy. Talyplar myhmanlara özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler we olara doly jogap aldylar.

Duşuşyk oňa gatnaşyjylaryň ählisinde ýatdan çykmajak ajaýyp täsir galdyrdy.